“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär

UEFA Ýewropa Ligasynda “Arsenal”, “Molde”, “Benfika”, “Reýnjers”, “AZ Alkmaar”, “Lester Siti”, “Braga”, “Milan”, “Wilýarreal”, “Makkabi Tel-Awiw”, “Antwerpen” hem-de “Hoffenhaým” klublary bu tapgyrda-da ýeňiş

gazandy. “Arsenal” öz meýdançasynda irlandlaryň “Dandolk”

toparyny Nketiah, Willok hem-de Pepeniň gollary bilen 3-0 utdy.

UEFA Ýewropa Ligasynyň çäginde 23 oýundan bäri öz

meýdançasynda ýeňilmän gelýän “Benfika” topary “Standard Lieži” Pizziniň 2 gol geçiren duşuşygynda 3-0

ýeňdi. 1-nji

tapgyrda garaşylmadyk ýagdaýda utulan PSW myhmançylykda “Omoniýany” soňky minutlarda geçiren goly bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe

sezewar etdi. 1-nji tapgyrda öz meýdançasynda

“AZ Alkmaardan”

1-0 utulan “Napoli” şol hasap bilen

myhmançylykda “Real Sosiedady” ýeňip, şol ýeňlişiň öwezini doldy. Italýan toparynyň

ýeke-täk goluny 56-njy minutda Politano geçirdi.

1-nji duşuşyklarynda öz

meýdançalarynda garşydaşlaryny 3-0 ýeňen “Lester Siti” bilen “Braga” bu tapgyrda-da birmeňzeş hasaplar bilen 21 hasabynda ýeňiş gazandylar. “Lester Siti” AEK-i, “Braga” bolsa “Zorýany” myhmançylykda 2-1

hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Umumylykda 23 oýunda bäri ýeňlişsiz

barýan Milan 2-nji duşuşygynda 3 gol geçirip, 3 utuk

gazandy. Diaz, Leao hem-de Dalo ýaly ýaş oýunçylarynyň

tapawutlanmagynda “Sparta Pragany” 30 utan “Milanyň” ýaşuly futbolçysy Zlatan Ibrahimowiç 11 metrlik

jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Milan soňky 90 ýylda ilkinji

gezek 12 oýunda yzly-yzyna 2 we 2-den köp gol geçirdi.

“Wilýarreal Pako Alkaseriň ýene-de 2 gol geçiren oýnunda

myhmançylykda “Garabagy” 31 ýeňdi. “Tottenham” myhmançylykda “Roýal Antwerpenden” 1-0 asgyn geldi. Tapgyryň iň çekeleşikli geçen duşuşygynda

Awstriýanyň LASK topary

Bolgariýanyň “Ludogores” toparyny 4-3 utdy. Myhmanlardan Manunyň geçiren 3 gol ýeňşe ýeterlik bolmady.

“K” toparçada “Feýenoord” öz meýdançasynda Awstriýanyň “Wolfsberger” toparyndan 4-1 utuldy. Myhman topar geçiren gollarynyň

3-si penaltiden bolup, oýunda Mihael Liendl het trik etdi. Ol 2 goluny penaltiden geçirdi. “L” toparçada “Hoffenhaým” bilen “Srwena Zwezda” klublary uly hasaplar bilen ýeňiş

gazanmagy başardy.

“A”: “Roma”“SSKA Sofiýa”: 00, “KFR Kluž”“Ýang Boýz”: 11

“B”: “Arsenal”“Dandolk”: 30, “Molde”“Rapid Wien”: 10

“C”: “Slawiýa Praga”“Baýer”: 10, “Nissa”“Hapoel Beer-Şewa”: 10

“D”: “Benfika”“Standard Liež”: 30, “Reýnjers”“Leh Poznan”: 10

“E”: “Omoniýa”“PSW Eýndhowen”: 12, “Granada”PAOK: 00

“F”: “Real Sosiedad” “Napoli”: 01, “AZ Alkmaar” “ Riýeka”: 4-1

“G”: AEK“Lester Siti”: 1-2, “Zorýa Lugansk”- “Braga”: 1-2

“H”: “Milan”“Sparta Praga”: 3-0, “Lill”“Seltik”: 2-2

“I”: “Garabag” “Wilýarreal”: 1-3, “Siwasspor”“Makkabi Tel-Awiw”: 1-2

“J”: LASK“Ludogores”: 4-3, “Antwerpen”“Tottenham”: 1-0

“K”: “SSKA Moskwa”“Dinamo

Z”: 0-0, “Feýenoord”“Wolfsberger”: 1-4

“L”: “Gent”“Hoffenhaým”: 1-4, “Srwena Zwezda”“Slowen Liberes”: 5-1

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
4 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri