“Red Bull” bu gezek “Aston Willany” ganatlandyrdy

“Red Bull” bu gezek “Aston Willany” ganatlandyrdy

UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşy bolan Ýewropa Ligasynda liga tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy.

Fransiýanyň wekili “Lion” topary öz meýdançasynda PAOK-y 4-2 hasabynda ýeňip, 7-nji ýeňşini gazandy we liga tapgyryny lideri hökmünde tamamlady.

Edil şonuň ýaly utugy 21 bolan “Aston Willa” topary 8-nji duşuşygynda taryhy kembek bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Öz meýdançasynda “Red Bull Salsburgy” kabul eden birmingemliler myhmanlaryň 2-0 hasabynda öňe saýlanmagynyň öňüni alyp bilmediler (Lindelöf 33 ö.d., Ýeo 49). Ýöne özüni dürsän “Aston Willa” 64-nji minutda Rojersiň, 76-njy minutda-da Mingsiň gollary bilen hasaby deňledi.

Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galan Jimoh-Alabanyň goly bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Şunlukda, “Lion”, “Aston Willa”, “Midtýullann”, “Betis”, “Porto”, “Braga”, “Fraýburg” hem-de “Roma” toparlary 1/8 finala çykdy.

“Genk”, “Bolonýa”, “Ştutgart”, “Ferenswaroş”, “Nottingam Forest”, “Wiktoriýa Plzen”, “Srwena Zwezda”, “Selta” toparlary degişlilikde, 9-16-njy orunlary eýelän bolsalar, PAOK, “Lill”, “Fenerbahçe”, “Panatinaikos”, “Seltik”, “Ludogores Razgrad”, “Dinamo Zagreb”, “Brann klublary-da 17-24-nji orunlarda sanawy tamamladylar. 9-24-nji orunda tamamlanlar pleý-off tapgyrynda duşuşarlar.

Niderlandlaryň 3 toparynyňam ýaryşdan çykmagy aýratyn bellärliklidir.

8-nji duşuşyklaryň netijeleri:

Aston Willa Red Bull Salsburg: 3-2

Seltik Utreht: 4-2

Porto Reýnjers: 3-1

Bazel Wiktoriýa Plzen: 0-1

Midtýullann Dinamo Zagreb: 2-0

Srwena Zwezda Selta: 1-1

FKSB Fenerbahçe: 1-1

Gou Ehed Iglz Braga: 0-0

Genk Malmö: 2-1

Lill Fraýburg: 1-0

Makkabi Tel-Awiw Bolonýa: 0-3

Nottingam Forest Ferenwaros: 4-0

Lion PAOK: 4-2

Panatinaikos Roma: 1-1

Ludogores Razgrad Nissa: 1-0

Betis Feýenoord: 2-1

Şturm Gras Brann: 1-0

Ştutgart Ýang Boýz: 3-2

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
UEFA Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
ÝEWROPA LIGASY
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
250-nji “El Klasiko”
Türkmenistan: Sport ýedi günde 13 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer