250-nji “El Klasiko”

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda nobatdaky tapgyrda futbol janköýerleri üçin gyzykly duşuşyklar garaşýar.Aýratynam ýekşenbe güni, 16-njy oktýabrda oýnaljak oýunlarda janköýerleriň esasy üns merkezinde bolar. Ýewropada tapgyryň iň esasy 3 duşuşygy şol gün oýnalyp, olar “Real Madrid”“Barselona”, “Liwerpul”“Mançester Siti” hem-de PSŽ“Marsel” duşuşyklarydyr.

Utuklary deň bolan “Real Madrid” bilen Barselona” resmi 250-nji gezek duşuşarlar.Mundan öňki 249 resmi “El Klasikoda” “Realyň” 100, “Barselonany” 97 ýeňşi bar (52 deňlik).Gollarda “Real” 415-408 öňde barýar.

Angliýada hem geçen möwsümiň wise-çempiony öz meýdançasynda çempiony kabul eder. Çempionlykdan daşlaşýan “Liwerpul” bu duşuşykda-da ýeňiş gazanyp bilmedik ýagdaýynda, olaryň öňdäki toparlar bilen arasy ep-esli açylar.

Fransiýanyň “El Klasikosy” bolan “Le Klasik” (Le Classique) duşuşygynda bolsa ýeňlişsiz PSŽ 3-nji ýerdäki “Marsel” bilen duşuşar.Hemişe dartgynly bolýan bu duşuşyk olaryň arasyndaky 103-nji “Le Klasik” bolar.

Ýewropada tapgyryň iň esasy duşuşyklary:

15-nji oktýabr:

Torino Ýuwentus (21:00),

Tottenham Ewerton (21:30),

Atletik Atletiko (00:00);

16-njy oktýabr:

Lids Arsenal (18:00),

Mançester Ýunaýted Nýukasl (18:00),

Real Madrid Barselona (19:15),

Union Berlin Borussiýa D (20:30),

Napoli Bolonýa (21:00),

Liwerpul Mançester Siti (20:30),

Beşiktaş Trabzonspor (22:00),

SSKA Spartak (22:00),

Bawariýa Fraýburg (22:30),

Werona Milan (23:45),

PSŽ Marsel (23:45).

Ýene degişli makalalar

Türkmen telewideniýesi şu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 8 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
50 oýundan soň, ilkinji gezek
Türkmenistan: Sport ýedi günde 13 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Super “Barselona”