50 oýundan soň, ilkinji gezek

Ispaniýanyň çempionatynda utuklary deň bolan “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary 17-nji tapgyrda gazanyp bilmedi. Ýagny “Barselona” myhmançylykda “Real Sosiedad” bilen 22, 90+5-nji minutda hasaby deňlän “Real” hem myhmançylykda “Walensiýa” bilen 11 deňme-deň oýnady. “La Ligada” 17-nji tapgyrda 6 oýun deňlikde tamamlandy. Şeýle-de futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan “El Klasiko” duşuşygy hem şu hepdäniň çarşenbe güni oýnaldy. 10-njy tapgyryň galdyrylan bu oýny “Kamp Nou” stadionynda geçirilip, duşuşykda hasap açylmady.

Aýratynam, myhmanlaryň az-owlak artykmaçlyk görkezen duşuşygy soňky 17 ýylda gol geçirilmedik ilkinji “El Klasiko” duşuşygy boldy.Başgaça aýdylanda, 50 oýundan soň, “El Klasikoda” janköýerler goluň şaýady bolup bilmediler.

Bu oýun “Real Madridiň” kapitany Serhio Ramosyň 43-nji “El Klasikosy” bolup, ol bu ugurda, rekordyň ýeke-täk eýesi boldy.

* Germaniýanyň çempionatynda soňky 7 günüň dowamynda 1516-njy tapgyrlaryň oýunlary oýnaldy. “Bawariýa” ilki Koutinionyň 3 gol geçiren duşuşygynda “Werderi” 61, 16-njy tapgyrda-da soňky minutlarda 2 gol geçirip, myhmançylykda “Fraýburgy” 31 ýeňdi. “Maýnsy” 40 ýeňen “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda sanawyň öňdebaryjysy “Leipsig” bilen 33 deňme-deň oýnady. Ýer eýeleri 20 öňe saýlansa-da, olara ýeňiş gazanmak başartmady.

* Angliýanyň çempionatynda sanawyň öňdebaryjysy “Liwerpul” öz meýdançasynda “Watfordy” Muhammed Salahyň gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Mançester Siti” myhmançylykda “Arsenaly” 30 utdy.Duşuşykda 2 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren Kewin De Bruýne oýnuň gahrymany boldy.

Ikinji basgançakda barýan “Lester Siti” öz meýdançasynda “Norwiç” bilen deňme-deň oýnap, çempionlyk ýolunda zerur bolan 2 utugy ýitirdi. Öz meýdançasynda “Bornmutdan” 10 utulan “Çelsi” bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

* Italiýanyň çempionatynda “Udinezeni” Ronaldo (2) we Bonuççiniň gollary bilen 31 ýeňen “Ýuwentus” sanawda 1-nji orna geçdi. “Inter” myhmançylykda “Fiorentina” bilen duşuşyp, soňky minutlarda derwezesine gol goýberdi we meýdançany 1 utuk bilen terk etmeli boldy.

Karlo Ançelottiniň ornuna onuň ozalky şägirdi Jennaro Gattusony tälimçilige bellän “Napoli” täze tälimçisiniň ilkinji duşuşygynda öz meýdançasynda “Parmadan” 21 utuldy. 90+3-nji we 90+8-nji minutlarda gol geçiren “Lasio” myhmançylykda “Kaliarini” 21 hasabynda ýeňdi.

Nobatdaky tapgyryň oýnuny Super kubogy duşuşygy sebäpli ir oýnan “Ýuwentus” myhmançylykda “Sampdoriýa” bilen duşuşyp, Dibala we Ronaldonyň owadan gollary esasynda ýeňşini baýram etdi.Bu oýunda “Ýuwentusyň” derwezesini goran Janluiji Buffon “Serie A”-daky 547-nji duşuşygyny geçirip, Paolo Maldininiň rekordyna şärik boldy.

* Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda “Sent-Etien” toparyny Paredes, Mbappe (2) hem-de Ikardiniň gollary bilen 40 ýeňdi. “Ligue 1”-iň soňky tapgyrynda 4 duşuşykda myhmançylykdaky toparlar 10 hasabynda ýer eýelerinden üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

250-nji “El Klasiko”
Super “Barselona”
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Şu gün "Kamp Nou-da" möwsümiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygy geçiriler
Bellingam bar bolsa…
255-nji resmi “El Klasiko”