Bellingam bar bolsa…

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 11-nji tapgyrda “El Klasiko” duşuşygy geçirildi. Çekeleşikli geçen oýunda “Real Madrid” myhmançylykda köne bäsdeşinden 2-1 hasabynda üstün çykdy. 6-njy minutda Ilkaý Gündoganyň goly bilen öňe geçen “Barselona” 2-nji ýarymda 2 gol geçirtdi. 68-nji minutda Jud Bellingamyň goly bilen “Real Madrid” hasaby deňledi.

Oýnuň 90+2-nji minutynda-da ýene Bellingam toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, “Real Madrid” resmi duşuşyklarda “Barselonany” 103-nji gezek ýeňmegi başardy. Şeýle-de, täze transfer Bellingam “Real Madriddäki” ilkinji 13 duşuşygynda 13 gol geçiren 3-nji futbolçy boldy.

Ondan öň Alfred Di Stefano hem-de Kristiano Ronaldo “Real Madriddäki” ilkinji 13 duşuşygynda 13 gol geçiripdi.Perens Puşkaş ilkinji 13 oýunda 11, Hugo Sançes bilen Raul 7 goly derweze girizipdi.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar ligasy: Real we Mançester Siti çärýek finalda
Messi karýerasynda 7-nji gezek La Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
Germaniýadan 5 klub gatnaşar
47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”