Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy

Geljek ýyl Ýewropanyň 12 şäherinde geçiriljek Ýewropa futbol çempionatynyň saýlama oýunlarynyň nobatdaky 2 tapgyry tamamlandy.Geçirilen oýunlardan soň, 6 ýygyndy wagtyndan ozal Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu ugurda ilkinji ýollanma alan Belgiýanyň, soňra Italiýanyň ýygyndylary boldy.Soňlugy bilen, Russiýanyň, Polşanyň, Ukrainanyň hem-de Ispaniýanyň milli toparlary EURO 2020-ä ýollanma gazanmagy başardy.“A” toparçada Angliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Çehiýadan 21 hasabynda ýeňildi.

Bu ýeňlişden soň, iňlisleriň Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugy noýabr aýyna süýşdi.Angliýanyň ýygyndysy 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Bolgariýany 60 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda Reşford (7), Barkli (20, 32), Sterling (45+3, 69) hem-de Keýn (85) tapawutlandy.

Toparçada 2-nji ýer ugrunda çehler bilen kosowolylaryň arasynda ýiti göreş dowam edýär.

700-nji GOL“B” toparçada Portugaliýa Lýuksemburgy 30 (B.Silwa 16, Ronaldo 65, Gedeş 89), Ukraina Litwany 20 (Malinowskiý 29, 58) hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan iki toparyň arasyndaky oýunda bolsa, Ukraina öz meýdançasynda Portugaliýadan 21 üstün çykdy. Ýaremçuk (6) bilen Ýarmolenkanyň (27) gollaryna garşylyk Ronaldonyň 72-nji minutdaky penalti goly portugallara ýeterlik bolmady.

Bu ýeňişden soň, Andreý Şewçenkonyň tälimçiligindäki Ukrainanyň ýygyndysy 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Şeýle-de Ronaldonyň geçiren goly onuň karýerasyndaky 700-nji gol hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, Ronaldo çehiýaly Ýozef Bisandan (805), braziliýaly Romario (772) we Peleden (767), wengriýaly Ferenç Puşkaşdan (746) hem-de germaniýaly Gerd Müllerden (735) soň, 700 gol geçiren 6-njy futbolçy boldy.“C” toparçada gollandlar ilki D.

Irlandiýany soňky minutlarda geçiren gollary bilen 31 (Depaý 80, 90+4, L.De Ýong 90+1 — Magennis 75), soňra bolsa, myhmançylykda Belarusy Wiýnaldumyň gollary bilen 20 ýeňdi.Germaniýa bolsa, myhmançylykda Estoniýany Gündoganyň (51, 57) we Werneriň (71) gollary bilen 30 hasabynda utdy.

Toparçada 15 utukly Gollandiýa bilen Germaniýa 12-nji orunlary paýlaşýarlar.Mundan soňky 2 oýnunda ilki gollandlar, soňra-da nemesler bilen duşuşjak D.Irlandiýa 12 utuk bilen 3-nji hatarda barýar.

3 TOPARYŇ ARASYNDAÝITI GÖREŞ“D” toparçada 3 toparyň arasynda Ýewropa çempionatyna gatnaşmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Öňdebaryjy irlandlar üçin bu iki tapgyr şowsuz geçdi.

Gruzinler bilen deňme-deň oýnan irlandlar şweýsarlardan 20 asgyn geldi.Daniýa bolsa Şweýsariýany Polseniň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňmegi başardy. “E” toparçada horwatlaryň Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna ýollanma almagy üçin bir ädim galdy.

Wengriýany 30 (Modriç 5, Petkowiç 24, 42) ýeňen horwatlar myhmançylykda Uels bilen 11 (Beýl 45+3 — Wlaşiç 9) deňme-deň oýnady.

ISPANLAR SOŇKY MINUTDA“F” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy bu gezekki tapgyrlaryň ikisinde hem skandinaw ýurtlary bilen duşuşyp, deňme-deň oýnady.Muňa garamazdan, matadorlar Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ilki Norwegiýa bilen, soňra Şwesiýa bilen 11 deňme-deň oýnan ispanlar 11-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eder. 1-nji oýunda 47-nji minutda Saul bilen öňe geçen ispanlaryň torundan hasaby deňlän goly 90+4-nji minutda penaltiden King derwezä girizdi. 2-nji oýunda ispanlar oýnuň soňky minutlarynda hasaby deňlemegi başardy (Berg 50 — Rodrigo 90+2).“G” toparçada ilki Latwiýany 30, soňra Demirgazyk Makedoniýany 20 ýeňen Polşa 19 utuk toplap, Ýewropa çempionatynda çykyş etjek toparlaryň biri boldy.

Polşa taryhynda 4-nji sapar yklym ýaryşyna wekilçilik eder.Bu ugurda Awstriýanyň ýygyndysy 16 utuk bilen 2-nji hatarda barýar. “H” toparçada Dünýä çempiony Fransiýa myhmançylykda Islandiýany (Žiru 66 p), Türkiýe bolsa öz meýdançasynda Albaniýany (Tosun 90) 10 utdy.

Fransiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky oýun deňlikde tamamlandy (Žiru 76 — Aýhan 82). “I” toparçada Belgiýanyň ýygyndysy geçen hepdäniň penşenbe güni San Marinony 90 ýeňip, Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanan ilkinji topar bolupdy.

Ilki şotlandlary 40 (Dzýuba 57, 70, Ozdoýew 60, Golowin 84), soňra Kipri 50 (Çeryşew 9, 90+2, Ozdoýew 23, Dzýuba 79, Golowin 89) ýeňen Russiýanyň ýygyndysy hem Ýewropa çempionatyna ýollanma almagy başardy.

Russiýa ozalky Soýuzy goşanyňda 12-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

EUR0 2020-ä badalga berildi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Täze ýaryşa badalga berildi
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy