EUR0 2020-ä badalga berildi

Geljek ýyl 12 şäherde geçiriljek 16-njy Ýewropa futbol çempionatynyň saýlama tapgyrynyň toparçalarynda 12-nji duşuşyklar oýnaldy. “A” toparçada Angliýa 2 duşuşykda-da 5 gol geçirip, saýlama tapgyra diýseň şowly başlady.

Iňlisler ilki Çehiýany 50 (Sterling 24, 62, 68, Keýn 45+2 p, Kalas 84 ö.d.), soňra-da myhmançylykda Garadagy 51 (Kin 30, Barkli 39, 59, Keýn 71, Sterling 81— Weşowiç 18) hasabynda ýeňdi.

Toparçada bolgarlar 2 duşuşygyny-da 11 deňlikde tamamlady. “B” toparçada soňky çempion Portugaliýa şowly başlap bilmedi.Olara öz meýdançasynda geçiren 2 duşuşygynda-da ýeňiş gazanmak başartmady.Portugallar ilki Ukraina bilen 00, soňra-da Serbiýa bilen 11 deňme-deň oýnady (Danilo 42 — Tadiç 7 p). Şewçenkonyň tälimçiligindäki Ukraina 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Lýuksemburgy soňky minutlardaky gol bilen ýeňdi. “C” toparçada Niderlandlar 1-nji duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazanan hem bolsa (Belarus 40; Depaý 1, 55 p, Wiýnaldum 21, Wan Deýk 86), 2-nji oýunda olar öz meýdançasynda Germaniýadan asgyn geldi. 1-nji ýarymda nemesler Sane we Gnabriniň gollary bilen öňe saýlandy. 2-nji ýaryma gol bilen başlan gollandlar De Ligtiň hem-de Depaýyň tapawutlanmagynda hasaby deňlemegi başardylar. Ýöne oýnuň iň soňky minutynda Şulzuň goly nemeslere ýeňiş getirdi (De Ligt 48, Depaý 63 — Sane 15, Gnabri 34, Şulz 90).

Häzirki wagtda bu toparçada 2 oýunda ýeňiş gazanan Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy 6 utuk bilen 1-nji hatarda barýar. “D” toparçada ilki Gibraltary, soňra-da Gruziýany 10 utan Irlandiýa 6 utuk toplady. Şweýsarlar 1-nji duşuşygynda myhmançylykda Gruziýany Zuber we Zakarianyň gollary bilen ýeňmegi başardy.

Olar 2-nji duşuşygynda-da ýeňşe golaý bardylar. Öz meýdançasynda Daniýany kabul eden şweýsarlar Froýler (19), Džaka (66) we Embolonyň (76)gollary bilen soňky minutlara çenli 30 öňde barýardy.

Emma daniýalylar soňky minutlarda hasaby deňlemegi başardy.Gollary 84-nji minutda Ýorgensen, 88-nji minutda Gytkaýer hem-de 90+3-nji minutda Dalsgaard derwezä girizdi. “E” toparçada Dünýäniň wise-çempiony Horwatiýa öz meýdançasynda Azerbaýjandan 21 (Barişiç 44, Kramariç 79 — Şeýdaýew 19) üstün çykan hem bolsa, 2-nji duşuşygynda şol hasap bilen wengerlerden asgyn geldi (Salai 34, Patkai 76 — Rebiç 13).

Slowakiýa ilki Wengriýany 20 utup, 2-nji duşuşygynda Uelsden 10 ýeňildi. “F” toparçada Ispaniýa Norwegiýany 21 ýeňeninden soň (Rodrigo 16, Ramos 71 p — King 65 p), myhmançylykda Maltany hem Moratanyň (31, 73) gollary bilen 20 utdy. 1-nji oýunda rumynlary ýeňen şwedler Skandinaw derbisinde norwegler bilen deňme-deň oýnady.

Tapgyryň iň çekeleşikli geçen duşuşygynda Norwegiýa 20 öňe saýlandy.Emma ruhdan düşmedik şwedler oýnuň tamamlanmagyna 4 minut galanda, ilki hasaby deňläp, 90+1-nji minutda-da öňe geçdi. 90+7-nji minutda-da ýer eýeleri Kamaranyň goly bilen hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy (Ýonsen 41, King 59, Kamara 90+7 — Klaesson 70, Nordtweit 86 ö.d., Kuaison 90+1). “G” toparçada Polşa Pýontegiň (69) goly bilen ilki Awstriýany, soňra-da Lewandowski (76) we Glikiň (84) gollary bilen Latwiýany 20 ýeňdi.

Awstriýa 2-nji duşuşygynda Ysraýyldan 41 utulyp (Zahawi 34, 45, 55, Dabur 66 — Arnautowiç 8, 75), saýlama tapgyra juda şowsuz başlangyç etdi.Bu oýunda Zahawi 3 gol geçirdi. “H” toparçada Dünýä çempiony Fransiýanyň ýygyndysyna geçiren 2 duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazanmak kyn düşmedi.

Didie Deşamyň şägirtleri Moldowadan 41 (Ambros 89 — Grizmann 24, Waran 27, Žiru 36, Mbappe 87), Islandiýadan bolsa 40 (Umtiti 12, Žiru 68, Mbappe 78, Grizmann 84) üstün çykdy.Grizman, Mbappe hem-de Žiru her oýunda 1 gol geçirdi. Şenol Güneşi tälimçilige bellän Türkiýe hem Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryna şowly girişdi.

Albaniýany Ýylmaz we Çalhanoglunyň gollary bilen utan türkler Moldowanyň toruna-da jogapsyz 4 pökgi girizdiler (Kaldyrym 24, Jenk Tosun 26, 54, Kaan Aýhan 70). “I” toparçada 1-nji oýunlarda ýer eýeleri, 2-nji duşuşyklarda bolsa, myhmançylykdaky ýygyndylar ýeňiş gazandy.

Gazaklaryň şotlandlary 30 utmagy köpleri geň galdyrdy.Tapgyryň iň esasy oýnunda Belgiýa Russiýany 31 ýeňdi (Tilemans 14, E.Hazard 45 p, 88 — Çeryşew 16).Ruslar 2-nji duşuşygynda Gazagystany 40 (Çeryşew 16, 45+2, Dzýuba 52, Beýsebekow 62 ö.d.) utan bolsa, Belgiýa Kiprden myhmançylykda 20 (E.

Hazard 10, Batşuaýi 18) üstün çykdy. “J” toparçada Italiýanyň ýygyndysy Finlýandiýany ýaş oýunçylary Nikola Barella (7) we Mois Kiniň (74) gollary bilen 20 utdy.Duşuşykda tapawutlanan Kin 2000-nji ýylda doglanlaryň arasynda gol geçiren ilkinji italiýaly oýunçy boldy.

Italýanlar 2-nji duşuşygynda-da Lihtenşteýnden 60 üstün çykdy (Sensi 17, Werratti 32, Kualiarella 35 p, 45+3 p, Kin 69, Pawoletti 76).Bu oýunda penaltiden 2 gol geçiren Fabio Kualiarella Italiýanyň ýygyndysynda tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy adyny aldy (36 ýaş 54 gün).

Ýene degişli makalalar

Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
UEFA MILLETLER LIGASYNDA 34-nji TAPGYRYŇ NETIJELERI
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar