DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR

Geljek ýylyň tomsunda yklymyň dürli şäherlerinde geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklary geçirildi. “A” toparçada Angliýa Keýniň het-trik eden oýnunda Bolgariýany 40, soňra-da Kosowany 53 hasabynda ýeňdi. 2-nji oýunda Jeýson Sanço 2 gol geçirip, 2 goluň hem pasyny berdi. Bu duşuşyga çenli Kosowo 15 oýundan bäri ýeňilmän gelýärdi.

REKORDa 17 GOL GALDY“B” toparçada Portugaliýa iki duşuşygynda-da ýeňiş gazandy.Myhmançylykda Serbiýany 42, Litwany-da 51 ýeňen portugallaryň 2-nji duşuşygynda super ýyldyz Kristiano Ronaldo 4 gol geçirdi.

Serbiýa duşuşygynda 1 gezek tapawutlanan Ronaldonyň gol geçiren milli ýygyndylarynyň sany 40-a ýetdi.Gollarynyň sanyny-da 93-e ýetiren Ronaldo bu ugurda 109 gol geçiren eýranly Ali Daeiden soň 2-nji hatarda barýar.

Ol milli ýygyndyda 8-nji gezek het-trik etdi. Şeýle-de Ukraina Litwany 30, Serbiýa bolsa Lýuksemburgy 31 ýeňdi. “C” toparçada 2 güýçli ýygyndy, ozaldan gelýän bäsdeşler Germaniýa bilen Gollandiýa duşuşdy. Öz meýdançasynda 32 ýeňlen gollandlar myhmançylykda 42 hasabynda ýeňiş gazandy.

Soňky 11 minutda 2 gol geçiren Gollandiýanyň adyndan Frenki de Ýong, Tah (ö.d.), Malen hem-de Wiýnaldum tapawutlandy.Gollandiýa 2-nji duşuşygynda Estoniýany Babel, Depaý we Wiýnaldumyň gollary bilen 40 utdy.

Germaniýa bolsa Demirgazyk Irlandiýany Halstenberg we Gnabriniň gollary bilen 20 ýeňlişe sezewar etdi. “D” toparçada Gibraltar geçiren 2 oýnunda toruna 10 gol goýberdi.Olar ilki Daniýadan 60, soňra Şweýsariýadan 40 utuldylar.

Toparçadaky beýleki 2 duşuşyk bolsa deňlikde gutardy (IrlandiýaŞweýsariýa: 11, GruziýaDaniýa: 00). “E” toparçada Slowakiýany 40 utup, Azerbaýjan bilen deňme-deň oýnan Horwatiýa utugyny 10-a ýetirdi. 21 hasabynda tamamlanan oýunlarda Uels Azerbaýjany, Slowakiýa bolsa, Wengriýany ýeňdi.“F” toparçada 1-nji oýunlarda Şwesiýa myhmançylykda Farer adalaryndan 40, Norwegiýa Maltadan 20 üstün çykdy.

Ispaniýanyň ýygyndysy Ramos we Alkaseriň gollary bilen myhmançylykda Rumyniýany 21 ýeňmegi başardy. 2-nji oýunlarda Ispaniýanyň ýygyndysy hem Farer adalarynyň torundan jogapsyz 4 pökgi geçirdi.Gollary Rodrigo bilen Alkaser atlaryna ýazdyrdy. ŞwesiýaNorwegiýa Skandinaw derbisinde ýeňiş gazanan bolmady (11).

Maltany 10 ýeňen Rumyniýa final tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini dowam etdirdi. “G” toparçada bu 2 tapgyr sanawyň lideri Polşa üçin şowsuz tamamlandy.Myhmançylykda Sloweniýadan 20 asgyn gelen polýaklar öz meýdançasynda-da Awstriýa bilen golsuz deňme-deň oýnadylar.

Awstriýa 1-nji oýnunda Latwiýany 60 hasaby bilen utdy.Duşuşykda Arnautowiç 2 gol geçirdi.Sloweniýa 2-nji oýnunda Ysraýyly 32 hasap bilen ýeňmegi başardy. “H” toparçadaky oýunlar Türkiýe we Fransiýa üçin üstünlikli geçdi. 1-nji hatarda barýan Türkiýe ilki Andorrany 10, soňra myhmançylykda Moldowany 40 utdy.

Fransuzlaryň 2 oýunda 7 gol geçirip, olar ilki Albaniýany 41, soňra Andorrany 30 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.Fransuzlar geçiren 7 golunyň 3-sini Kingsli Koman derwezä girizdi.Ilki Moldowany 30 ýeňen Islandiýa 2-nji oýnunda Albaniýadan 42 utulyp, 3-nji basgançaga düşdi.

BELGIÝA, RUSSIÝA HEM-DEITALIÝA ARANY AÇÝAR“I” toparçada Belgiýa bilen Russiýanyň ýygyndylary ep-esli arany açdylar. Ýeňlişsiz barýan Belgiýa myhmançylykda geçiren 2 oýnunda-da garşydaşlaryny 40 hasabynda ýeňdi.

Gollary San Marinonyň torundan Batşuaýi (2), Mertens, Çadli, şeýle-de Şotlandiýanyň ýygyndysynyň derwezesinden Lukaku, Wermalen, Alderweireld, De Bruýne geçirdi.Duşuşyklarda De Bruýne gol paslary bilen toparynyň ýeňişlerine uly goşant goşdy.

Russiýa myhmançylykda Şotlandiýany 21 (Dzýuba 40, O’Donnel 59 ö.d. — MakGinn 11), öz meýdançasynda-da Gazagystany 10 (Fernandes 89) hasabynda ýeňdi.“J” toparçada Italiýanyň ýygyndysy edil Angliýadyr Ispaniýanyň hem-de Belgiýanyň milli toparlary ýaly ýeke utuk hem ýitirmän gelýär.

Myhmançylykda geçiren 2 oýnunda Italiýa ilki Ermenistany 31 (Belotti 28, Lo.Pellegrini 77, Aýrapetýan 80 ö.d. — Karapetýan 11), soňra bolsa, Finlýandiýany 21 (Immobile 59, Jorjinio 79 p — Pukki 72 p) ýeňdi.

Toparçada 2-nji ýeri eýelemek ugrunda Finlýandiýa, Ermenistan hem-de Bosniýanyň arasynda ýiti göreş dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER
Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi
Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi
DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi