Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler

“B” liganyň toparçalaryna seretsek, 1-nji toparçadan Awstriýanyň, 2-nji toparçadan Çehiýanyň, 3-nji toparçadan Wengriýanyň hem-de 4-nji toparçadan Uelsiň ýygyndylary ýokary liga, “A” liga çykmagy başardylar. Demirgazyk Irlandiýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň hem-de Bolgariýanyň milli toparlary-da “C” liga düşen toparlar boldy.

“C” ligadan ýokary liga çykan toparlar Garadagyň, Ermenistanyň, Sloweniýanyň hem-de Albaniýanyň ýygyndylary bolup, olar indiki Milletler Ligasy ýaryşynda “B” liga wekilçilik ederler.Farer adalarynyň hem-de Gibraltaryň ýygyndylary-da “D” liganyň toparçalarynda 1-nji orny eýeläp, “C” ligada çykyş etmäge hukuk gazandylar. “C” liganyň toparçalarynda iň soňky orny eýelän toparlaryň ikisi Estoniýa bilen Kipr, Moldowa bilenem Gazagystanyň ýygyndylary özara goşmaça duşuşyklardan soň, utulanlar “D” liga düşerler.

UEFA Milletler Ligasynda 6 oýunda iň köp gol geçiren futbolçy norwegiýaly Erling Hollann boldy. Ol 6 gezek tapawutlanyp, 5 gol geçiren Romelu Lukaku hem-de ysraýylly Eren Zahawiden öňe saýlandy.

The post Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi