Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi

Ýene-de 2 ýyldan futbol boýunça Katarda geçiriljek XXII Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda 55 ýygyndy 10 toparça paýlandy.Toparçalaryň 5-sinde 5, galan 5-sinde hem 6 topar çykyş eder.

Dünýä Kubogynyň soňy ýeňijisi Fransiýanyň ýygyndysy “D” toparçada Ukrainadyr Finlýandiýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Gazagystanyň milli toparlary bilen duşuşar.Wise-çempion Horwatiýanyň ýygyndysy-da “H” toparça düşüp, olar Slowakiýanyň, Russiýanyň, Sloweniýanyň, Kipriň hem-de Maltanyň ýygyndylary bilen özara güýç synanyşar.

Russiýada geçirilen çempionata gatnaşyp bilmän hemmäni geň galdyryp, 50 ýyldan soň Dünýä Kubogynyň daşynda galan Italiýanyň ýygyndysy “C” toparça düşdi.Dünýäniň 4 gezek çempiony italýanlar Şweýsariýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň, Bolgariýanyň hem-de Litwanyň ýygyndylary bilen bije çekişdi.

Toparçadaky duşuşyklar geljek ýylyň mart aýynda başlap, noýabr aýynda-da tamamlanar.Her toparçada 1-nji ýeri eýelän ýygyndylar Katar 2022-de çykyş etmäge hukuk gazanar.Toparçada 2-nji ýeri eýelänler bilen Milletler Ligasyndan goşuljak 2 ýygyndy hem pleý-off tapgyryny geçirerler.

Jemi 13 ýygyndy Katarda geçiriljek Dünýä Kubogyna wekilçilik eder. Ýeri gelende aýtsak, Katarda geçiriljek nobatdaky Dünýä Kubogy 2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda guralar. Çempionat gyş aýlarynda geçiriljek ilkinji Dünýä Kubogy bolar.

“A” TOPARÇA: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan

“B” TOPARÇA: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowo

“C” TOPARÇA: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa

“D” TOPARÇA: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan

“E” TOPARÇA: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa

“F” TOPARÇA: Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa

“G” TOPARÇA: Niderlandlar, Türkiýe, Norwegiýa, Garadag, Latwiýa, Gibraltar

“H” TOPARÇA: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta

“I” TOPARÇA: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino

“J” TOPARÇA: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn

The post Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler