UEFA MILLETLER LIGASYNDA 34-nji TAPGYRYŇ NETIJELERI

ŞU ÝYLKY 6-njy ÝEŇLIŞIUEFA Milletler ligasynda 3-4-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. “A” ligasynyň 1-nji toparçasynda nemesler geçiren 2 duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar boldy. Ýoahim Löwüň şägirtleri myhmançylykda Gollandiýadan 30 hasabynda ýeňildi. Ýer eýeleriniň gollaryny Wan Diýk (30), Depaý (87) hem-de Wiýnaldum (90+3) derwezä girizdi.

Germaniýanyň ýygyndysy 2-nji duşuşygynda-da “Stad de Fransda” Dünýä Kubogynyň soňky ýeňijisi Fransiýadan 2-1 utuldy.Fransiýanyň adyndan Grizmann (62, 80 p), nemeslerdenem Kroos (14 p) tapawutlandy.

Bu olaryň şu ýylky 6-njy ýeňlişi bolup, Germaniýanyň ýygyndysy taryhynda 1 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 6 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy (Braziliýa, Awstriýa, Meksika, G.Koreýa, Gollandiýa, Fransiýa). Şeýle-de Germaniýanyň milli topary soňky 11 oýnuň diňe 1-inde derwezesinden gol geçirtmedi. Şol birwagtyň özünde-de Germaniýa 2000-nji ýyldan soň, ilkinji gezek yzly-yzyna 2 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy. 2-nji toparçada Belgiýa öz meýdançasynda Şweýsariýadan (Lukaku 54, 84 — Gawranowiç 76), Şweýsariýa-da myhmançylykda Islandiýadan (Seferowiç 52, Lang 67 — Finnbogason 81) 21 hasabynda üstün çykdy. 3-nji toparçada Polşa öz meýdançasynda oýnan duşuşyklarynda ilki Portugaliýadan 32 (A.

Silwa 32, Glik 43 ö.d., B.Silwa 52 — Piatek 18, Blaşşikowski 77), soňra-da Italiýadan 10 (Biragi 90+2) hasabynda asgyn geldi.

15 ÝYLDAN SOŇKY ILKINJI GEZEK4-nji toparçada Horwatiýa bilen Angliýanyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi.Ispaniýa bilen Angliýanyň duşuşygynda-da myhmanlar 32 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Oýunda ispanlaryň gollaryny Alkaser (58) bilen Ramos (90+8), myhmanlaryň gollaryny-da Sterling (16, 38) bilen Reşford (30) derwezä girizdi.Ilkinji gezek 1-nji ýarymda toruna 3 gol goýberden Ispaniýa öz meýdançasynda soňky sapar 5609 gün öň, ýagny mundan 15 ýyl ozal, 2003-nji ýylda ýeňlipdi.

Bu oýunlardan soň, Islandiýa bilen Polşanyň ýygyndylary toparçalaryny iň soňky orunda tamamlarlar.UKRAINA “A” LIGA ÇYKDY“B” liganyň 1-nji toparçasynda Ukraina ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirip, olar “A” liga çykmaga hukuk gazandy. Şewçenkonyň tälimçiligindäki ukrainler öz meýdançasynda Çehiýany Malinowskiniň ýeke-täk pökgüsi bilen 10 hasabynda ýeňdi. Çehler ondan öňürti Slowakiýadan 21 hasabynda üstün çykdy. 2-nji toparçada Şwesiýa bilen 1 utugy paýlaşan (00) Russiýanyň ýygyndysy Soçide Türkiýäniň milli toparyny Noýştadderiň hem-de Çeryşewiň gollary esasynda 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 3-nji toparçada Demirgazyk Irlandiýa myhmançylykda geçiren oýunlarynda ilki Awstriýadan 10 (Arnautowiç 71), soňra Bosniýa we Gersegowinadan 20 (Jeko 27, 73) hasabynda utuldy. 4-nji toparçada Irlandiýa bilen Daniýanyň oýnunda hasap açylmady.

Britan derbisinde Uelsiň ýygyndysy myhmançylykda Irlandiýany Wilsonyň 58-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda utdy.“C” liganyň 1-nji toparçasynda Ysraýyl ilki şotlandlardan, soňam albanlardan degişlilikde, 21 we 20 hasaplar bilen üstün çykdy. 2-nji toparçadaky duşuşyklarda şeýle netijeler hasaba alyndy: GresiýaWengriýa: 10, EstoniýaFinlýandiýa: 01, EstoniýaWengriýa: 33, FinlýandiýaGresiýa: 20. 2-nji toparçada Norwegiýa Sloweniýany hem-de Bolgariýany 10 hasaplar bilen ýeňdi.

Ilki Bolgariýadan 21 utulan Kipr, myhmançylykda Sloweniýa bilenem 11 deňme-deň oýnady. 3-nji toparçada Rumyniýa-da, Serbiýa-da myhmançylykda degişlilikde, Litwany 21, Garadagy 20 hasabynda ýeňdi.Ikisiniň arasyndaky oýunda-da hasap açylmady.“D” ligasynda 1-nji toparçada Andorra we Latwiýadan üstün çykan Gruziýa indiki Milletler ligasynda “C” ligasyna wekilçilik etmäge ygtyýar aldy.

Taryhyndaky iň başarnykly döwrüni başdan geçirýän Lýuksemburg 2-nji toparçada San Marinodan 30 üstün çykyp, utuk sanyny 9-a ýetirdi. 34-nji toparçalarda-da Kosowo bilen Makedoniýa öňdeligini dowam etdirýär.

GARŞYDAŞLARYMYZ ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDIMilli ýygyndymyzyň Aziýa Kubogy 2019-daky garşydaşlaryndan Özbegistan ilki Demirgazyk Koreýany 20, soňra-da ildeşimiz Çarymyrat Gurbanowyň jürlewük çalan duşuşygynda-da Katary şol hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Toparçamyzyň güýçli toparlaryndan Ýaponiýanyň ýygyndysy Panamany 30 (Minamino 42, Ito 66, Kummings 85 ö.d.) utdy. Ýaponlar garşylykly gollaryň geçirilen oýnunda-da Urugwaýdan 43 (Minamino 10, 66, Osako 36, Doan 59 — Pereiro 28, Kawani 57, Rodriges 75) hasabynda üstün çykdy.

Beýleki garşydaşymyz Omanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Filippinler bilen 11, Ekwador bilenem 00 deňme-deň oýnady.

ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYKLARY1017-nji oktýabr aralygynda milli ýygyndylaryň birnäçesi ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.Italiýa bilen Ukraina 11 (Bernardeski 55 — Malinowski 62) oýnan bolsa, Argentina Yragyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizdi (Martines 18, Pereýra 53, Pezzella 82, Serwi 90).

Ispaniýa myhmançylykda Uelsden 41 üstün çykdy (Wokes 89 — Alkaser 8, 29, Ramos 19, Bartra 74).Fransiýa bilen Islandiýa 22 deňme-deň oýnady.Braziliýa ilki Saud Arabystanyny 20 (Žesus 44, Aleks Sandro 90), soňra-da Argentinany 10 (Miranda 90+4) hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Belgiýa bilen Gollandiýanyň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady (11, Mertens 5 — Groenweld 27).Geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijeleri: BangladeşPalestina: 02, IndoneziýaMýanma: 30, ItaliýaUkraina: 11, GonkongTailand: 01, BAEGonduras: 11, BahreýnSiriýa: 01, TürkiýeBosniýa we Gersegowina: 00, ArgentinaYrak: 40, UelsIspaniýa: 14, FransiýaIslandiýa: 22, ABŞKolumbiýa: 24, MeksikaKosta Rika: 32, ÝaponiýaPanama: 30, Günorta KoreýaUrugwaý: 21, KambojaTimor Leste: 22, SingapurMongoliýa: 20, Şri LankaMalaýziýa: 14, KatarEkwador: 43, Saud ArabystanyBraziliýa: 02, PeruÇili: 30, MýanmaBoliwiýa: 03, HytaýHindistan: 00, ÖzbegistanDemirgazyk Koreýa: 20, OmanFilippinler: 11, TailandTrinidad we Tobago: 11, ŞotlandiýaPortugaliýa: 13, KuweýtAwstraliýa: 04, Saud ArabystanyYrak: 11, HorwatiýaIordaniýa: 21, ÝaponiýaUrugwaý: 43, Günorta KoreýaPanama: 22, KambojaSingapur: 12, IndoneziýaGonkong: 11, LaosMongoliýa: 14, HytaýSiriýa: 20, MalaýziýaGyrgyzystan: 01, ÖzbegistanKatar: 20, BAEWenesuela: 02, OmanEkwador: 00, EýranBoliwiýa: 21, BahreýnMýanma: 41, BraziliýaArgentina: 10, BelgiýaGollandiýa: 11, DaniýaAwstriýa: 20, ŞwesiýaSlowakiýa: 11, KolumbiýaKosta Rika: 31, ABŞPeru: 11, MeksikaÇili: 01.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Türkiýäniň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar
2-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary Angliýa bilen ABŞ duşuşýar
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary