Türkiýäniň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar

EURO 2024-iň “D” saýlama toparçasynda çykyş edýän Türkiýäniň ýygyndysy täze tälimçisi Winçenzo Montellanyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda Latwiýany kabul eden Türkiýe garşydaşyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Gollaryň 4-si hem 2-nji ýarymda geçirilip, oýunda 58-nji minutda Ýunus Akgün, 84-nji we 90+2-nji minutlarda Jenk Tosun hem-de 88-nji minutlarda Kerem Aktürkoglu tapawutlandy. Şunlukda, Türkiýäniň ýygyndysy Latwiýany ýygyndysyny öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňip, ilkinji gezek gol geçirtmedi.

Bu ýeňişden soň utugyny 16-a çykaran Türkiýäniň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda 6-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Uelsiň ýygyndysy öz meýdançasynda Harri Wilsonyň 47-nji we 60-njy minutlardaky gollary bilen Horwatiýany 2-1 hasabynda ýeňdi. Horwatlardan Paşaliçiň 75-nji minutdaky goly ýeňşe ýeterlik bolmady. Uels bu ýeňişden soň utugyny 10-a çykaryp, 2-nji orna beýgeldi.

Ýene degişli makalalar

Pälwanlar Wengriýada Rekord Goýdy
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Türkiýäniň ýygyndysy 36 ýyldan soň Russiýanyň ýygyndysyny ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi
EUR0 2020-ä badalga berildi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar