Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)

Katar 2022-de toparçalardaky 2-nji duşuşyklar tamamlanyp, şu gün 3-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berler.Duşuşyklar bir wagtda bolup, olar 20:00-da hem-de 00:00-da başlar. Ýene-de 4 duşuşyk oýnalyp, şu agşam “A” we “B” toparçadaky duşuşyklar tamamlanar. Şol bir wagtyň özünde-de toparçalarda 1-2-nji orny eýelänler we 1/8 finalyň ilkinji 2 duşuşygynyň toparlary belli bolar.

“A” toparçad Niderlandlar ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi galmadyk ýer eýeleri Katar bilen duşuşar. Iki topar ilkinji gezek duşuşar. 20:00-da başlanjak oýna Gambiýadan Bakari Gassama eminlik eder. “Al Bayt” stadioynynda geçiriljek duşuşykda Niderlandlara 1/8 finala çykmagy üçin 1 utuk hem ýeterlik.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Ekwador bilen Senegalyň ýygyndylary duşuşar. 20:00-da başlanjak oýun “Khalifa International” stadionynda oýnalar we oýunda fransiýaly Klemen Turpen jürlewük çalar. Iki topar mundan öň 1 gezek duşuşyp, onda-da Elwador 1-0 ýeňipdi. Duşuşykda Ekwadora deňlik hem ýeterlik bolup, Senegalyň ýagdaýy beýleki oýna bagly bolmak bilen ýeňiş gazanmagy zerurdyr.

“B” toparçada günüň iň esasy duşuşygy-da ABŞ bilen Eýranyň ýygyndylary güýç synanyşar. 00:00-da başlajak duşuşyk Dohada “Al Thumama” stadionynda oýnalar.Ispaniýaly Antonio Mateu Laosyň eminlik etjek duşuşygy iki toparyň arasyndaky 2-nji duşuşyk bolup, 1998-nji ýyldaky oýunda Eýran 2-1 ýeňiş gazanypdy.

Duşuşykda Eýranyň ýygyndysyna beýleki oýnuň netijesine bagly ýagdaýda deňme-deňlik hem ýetip biler. Ýöne ABŞ-nyň ýygyndysyna 1/8 finala çykmagy üçin ýeňiş gazanmagy gerek. 00:00-da başlanjak beýleki duşuşykda iki doganlyk ýurt Angliýa bilen Uelsiň ýygyndylary özara duşuşarlar.

Bu olaryň arasynda 103-nji duşuşyk bolup, mundan öň Angliýa 67, Uels 14 gezek ýeňiş gazandy.Angliýanyň ýygyndysyna 1 utugy ýetýändigini belläliň. Ýöne toparçada lider bolmak üçin ýeňmegi zerur bolup, duşuşyga sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder.

Duşuşykda Uelse eger-de beýleki oýun deňlikde tamamlansa, kiçi hasaply ýeňiş hem ýeterlik bolup biler.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler
Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi