Täze merjen rifi tapyldy

Ylmy-barlag topary Ekwadoryň Galapagos adalarynyň golaýynda baý ekoulgamy bolan, mundan ozal bilim dünýäsine mälim bolmadyk merjen rifiniň üstünden bardylar.Ekwadorda 1998-nji ýylda deňiz çägi gorag astyna alnypdyr. Şondan bäri dürli ylmy işler geçirilen hem bolsa, häzire çenli şeýle açyş edilmändir. Ýurduň Daşky gurşaw ministrliginiň wekilleri täze tapylan ekoulgamyň suwuň 400-600 metr çuňlugynda, adalaryň orta böleginde, mundan ozal kartasy taýýarlanmadyk suwasty dagyň depesindedigini mälim etdiler.

Ministrligiň wekilleri täze tapylan rifiň suwuň goralýan çäginde merjenleriň asyrlaryň dowamynda ýaşaýandygynyň hem-de baý, köpdürli we deňiz jandarlarynyň ýaşamagyna goşant goşýandygynyň alamatydygyny aýdýarlar.

Ogulşeker BEGHANOWA,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Ýene degişli makalalar

Ekwadorda portlaryň birine hüjüm guraldy
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy Nýu-Ýorkda weloýörişe gatnaşar
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi
Garry zenan öz patasynda direldi we tabydyň gapagyny kakdy