Garry zenan öz patasynda direldi we tabydyň gapagyny kakdy

Garry zenan öz patasynda direldi we tabydyň gapagyny kakdy

Ekwadorda lukmanlar tarapyndan amanadyny tabşyrdy diýlip yglan edilen zenan patada özüne geldi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ol agyr ýagdaýda hassahana eltildi. Lukmanlar ony halas etmek üçin elde baryny etdiler, emma netije bermedi. Lukmanlar zenanyň ölendigi barada güwä haty berdiler. Merhumy öýüne getirip, tabyda ýerlediler we degsin çäresine girişdiler.

Hoşlaşyk wagty tabytdan geň sesler eşidilip başlandy: merhum zenan onuň iç ýüzünden gapagy kakýardy, onuň agyr dem alýandygy eşidilýärdi.

Häzir zenany ýene hassahana ýerleşdirdiler. Onuň dogan-garyndaşlary lukmanlaryň üstünden şikaýat bilen kazyýete ýüz tutmakçy bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ekwadorda portlaryň birine hüjüm guraldy
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Täze merjen rifi tapyldy
Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy Nýu-Ýorkda weloýörişe gatnaşar
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi