Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy Nýu-Ýorkda weloýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy Nýu-Ýorkda weloýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň, Bahreýniň, Ekwadoryň, Latwiýanyň, Lihtenşteýniň, Rumyniýanyň hem-de Polşanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş gurarlar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik weklhanasynyň resmi saýtynda mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, çäräniň maksady durnukly hereketi, adamlaryň fiziki işjeňligini, köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmekden hem-de şu ýol arkaly Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 3-nji we 12-nji maksatlaryň durmuşa geçirilişini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylyň aprelinde Tükmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Bütindünýä welosiped güni ýönekeý, elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipedi ulanmagyň artykmaçlyklaryna, onuň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsirlerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Ekwadorda portlaryň birine hüjüm guraldy
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Täze merjen rifi tapyldy
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi