Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy

Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy

2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Kanar adalaryna bikanun göçegçileriň 32 müňden gowragy bardy. Netijede, ispan adalarynda 2006-njy ýyldakydan hem köp bikanun göçegçi hasaba alyndy diýip, Belta.by ýazýar.

Kanar adalary Afrika yklymyna golaýdyr, şonuň üçin soňky onýyllyklarda ol Afrikadan Ýewropa aşmak isleýänler üçin özboluşly geçelge hyzmatyny ýerine ýetirýär. Göçegçiler aýratyn hem Senegaldan köp gelýär, kenarýakada Marokkodan, Gambiýadan, Mawritaniýadan we Günbatar Saharadan gelýän gaýyklar hem labyr taşlaýarlar.

Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 1-nji ýanwardan 5-nji noýabra çenli Kanar adalaryna 32029 adam gelipdir. Bu 2006-njy ýyldaky krizisiň 31678 adamlyk görkezijisinden hem artykdyr.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy