Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy

Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy

Argentinanyň täze Prezidenti wezipesine saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanan Hawýer Mileý saýlandy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Ýurduň häzirki Prezidenti Alberto Fernandes 20-nji noýabrdan öz wezipe ygtyýarlylyklaryny täze saýlanan döwlet Baştutanyna geçirmäge taýýardygyny habar berdi. Täze Prezidentiň wezipä girişmek dabarasy 10-njy dekabrda bolar.

Saýlaw býulletenleriniň 93,4 göterimi sanalanda, Mileýe saýlawçylaryň 55,82 göteriminiň ses berendigi belli boldy.

Mileý Azatlyk gelýär diýen sagçy bileleşige girýän Libertian partiýasynyň ýolbaşçysydyr. Onuň saýlawlarda esasy garşydaşy Argentinanyň ykdysadyýet ministri Serhio Massa boldy, ol Watan üçin birleşik dolandyryjy koalisiýadan dalaşgär hökmünde saýlawlara gatnaşdy.

Mileýiň döwletiň durmuşa goşulmagyny mümkingadar çäklendirmegiň tarapdarydygy, Merkezi banky ýapmak we milli puly dollara çalyşmak ugrunda çykyş edýän syýasatçydygy aýdylýar. Ol şeýle-de Argentinanyň BRIKS guramasyna gatnaşmagyny goldap barmaýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy