Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar

Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar

Üstümizdäki ýylda azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary rekord derejä ýeter. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň täze nutugynda aýdylýar, nutuk Birleşen Milletler Guramasynyň täzelikler merkeziniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, Belta.by belarus saýty ýazýar.

Ýagny 2023-nji ýylda azyk harytlarynyň importunyň ählumumy çykdajylary 2 trillion dollara deň bolar, bu geçen ýyldakydan 35,3 milliard dollar köpdür.

Gurama azyk harytlarynyň importunyň möçberleriniň esasy böleginiň ýokary we ortadan ýokary girdejili döwletlere degişlidigini çaklaýar. Pes girdejili ýurtlarda azyk harytlarynyň importy 11 göterim peseler diýlip garaşylýar.

Az ösen we ösýän ýurtlara halkara azyk bazarlaryna elýeterliligi gazanmaga päsgel berýän esasy ýagdaýlar hökmünde azyk önümlerine bolan ählumumy nyrhlaryň üýtgemegi, milli pullaryň gowşamagy, artýan bergiler we daşamalaryň ýokary nyrhlary görkezilýär.

Nutukda şeýle-de adatdan daşary howa hadysalarynyň we artýan geosyýasy ýagdaýlaryň halkara söwdasyna hem-de azyk howpsuzlygyna ýaramaz täsir edýändigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy