Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar

Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar

Hindistandaky Dal kölündäki ýüzýän öýlerde tutaşan ýangyn netijesinde üç adam pida boldy diýip, Associated Press habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Ýangyn söndürijilere ody öçürmek üçin iki sagat gerek boldy. Ýangyn ýüzýän öýleriň bäşisine zeper ýetirdi. Olaryň galyndylarynyň arasyndan üç adamyň jesedi tapyldy. Ýerli häkimiýetler olaryň Bangladeşden gelen jahankeşdelerdigini habar berdi. Olar köldäki ýüzýän öýleriň birini kärendesine alypdyrlar.

Ýangynyň sebäpleri seljerilýär.

Ýene degişli makalalar

Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy