Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi

Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi

Çabgalardyr sil joşmalary netijesinde Somalide 41 adam pida boldy, 1,7 milliondan gowrak adam ejir çekdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Güýçli çabgalar Somalide oktýabrda başlandy, netijede, 640 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Olaryň arasynda mergi we içgeçme kesellerinden ejir çekýänleriň artýandygy habar berilýär.

Ýollar, köprüler, howa menzillerinde uçuş-gonuş zolaklary sil suwlaryndan harap boldy.

Ýurduň 740 müň ýaşaýjysyna haýyr-sahawat kömegi berildi, emma haýyr-sahawat maksatnamalaryny mundan beýläk maliýeleşdirmekde kynçylyklar artýar diýlip, habarda bellenýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Hytaýda çabgadan 1,15 million töweregi adam ejir çekdi
Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy