Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy

Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy

Sanly söwda umumy ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrülip biler hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine güýçli itergi berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

HHR-iň Başlygy bu barada Global Digital Trade Expo sergisine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde nygtady. Szinpin soňky ýyllarda öz ýurdunyň halkara söwda-ykdysady düzgünleriniň ýokary ölçeglerine goşulandygyny, sanly söwdanyň ösmeginde bütin dünýä üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Global Digital Trade Expo sergisi Hytaýyň günorta Çženzýan ülkesindäki Hançžou şäherinde açyldy we 27-nji noýabra çenli dowam eder.

Sergä köp sanly halkara guramalary, işewürlik bileleşikleridir telekeçiler gatnaşýarlar. 100 müň inedördül metri eýeleýän sergide 800 sany kärhananyň işi bilen tanyşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy