Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi

Nýu-Ýork şäherindäki iň meşhur heýkele Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoşekillerde ýyldyrymyň heýkeliň elinde saklap duran alawa düşendigi görünýär. Binanyň özüne zeper ýetmedi.

Şäheriň seýilgähler edarasy heýkeli ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýyldyrym urýandygyny habar berdi, oňa gorag ulgamy sebäpli tebigy hadysa zyýan ýetirmeýär.

3-nji aprelde Nýu-Ýorkda güýçli ýagyş we harasat gopdy, yz ýanyndan mawy öwüşginli ýyldyrym heýkele düşdi.

Ady tutulan edaranyň metbugat gullugy hiç kimiň ejir çekmändigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Ermenistanyň demirgazygynda 230 adam sil sebäpli göçürildi
Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar