Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar

Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar

Niderlandlarda nusgawy nakgaş Winsent Wan Goguň Ak çepeşli aýal atly eseri geljek aýda satuwa çykarylar. Bu barada NL Times neşirine salgylanýan RIA Nowosti habar berdi.

Suratyň deslapky bahasy belli däl. Ak çepeşli aýal atly suraty Wan Gog takmynan 1884-nji ýylda döredipdir. Ol suratkeşiň irki portret işleriniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar diýip, Belta.by habar berýär.

Şekillendiriş sungatynyň bu ajaýyp eseri Niderlandlarda her ýyl geçýän Tefaf atly sungat we gadymy gymmatlyklar ýarmarkasynda satuwa çykarylar, ýarmarka 9-14-nji martda geçer.

Ýene degişli makalalar

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy