EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

EURO 2024-e gatnaşjak soňky 3 ýygyndyny kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Ukrainanyň, Finlýandiýanyň hem-de Islandiýanyň haýsy ýygyndylar bilen duşuşjakdygy belli däldi.

Çekilen bijä laýyklykda “A” ýodasyna Uelsiň garşydaşy Finlýandiýa boldy. Polşanyň Estoniýa bilen duşuşjakdygy ozaldan bellidi. Ýeňijiler “A” ýodasynyň finalynda duşuşarlar we Kardifde ýa-da Helsinkide oýnaljak finalda-da ýeňiş gazanan EURO 2024-e gatnaşar.

“B” ýodasynda-da Ukrainanyň ýygyndysy Bosniýa we Gersegowina bilen, Ysraýylyň ýygyndysy-da Islandiýa bilen bije çekişdi. Ýeňiş gazananlar finalda duşuşarlar.

“C” ýodasynyň bijeleri öň bellidi. Gruziýa Lýuksemburg hem-de Gresiýa Gazagystan duşuşyklarynyň ýeňijileri finalda özara güýç synanyşarlar. Ýeňiş gazanan toparam çempionatyň finala tapgyryna ýollanma alar.

Ýodalardaky duşuşyklar 1 oýundan ybarat bolup, ýarym final duşuşyklary 21-nji martda, final duşuşyklary-da 26-njy martda geçiriler.

Toparlar pleý-off tapgyryna UEFA Milletler Ligasyndaky orunlaryna görä saýlanýar.Milletler Ligasynyň “A” ligasynda çykyş edýän toparlardan diňe Polşa bilen Uels final tapgyryna gatnaşyp bilmedi.Olara-da gatnaşmak üçin berlen mümkinçilik bolan pleý-off tapgyrynda Milletler Ligasynda “B” Ligadan gatnaşyp bilmedik öňdäki ýygyndylaryň 4-si Ysraýyl, Bosniýa we Gersegowina, Finlýandiýa, Ukraina hem-de Islandiýanyň, şol sanda “C” Ligasynda-da Gruziýa, Gresiýa, Gazagystanyň hem-de Lýuksemburgyň ýygyndylary “D” Ligadanam diňe Estoniýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna alyndy.

Ýene degişli makalalar

Öňünden çykany ýeňýär
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabynda
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi