Çempionlar ligasy: Real we Mançester Siti çärýek finalda

Çempionlar ligasy: Real we Mançester Siti çärýek finalda

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Madridiň Realy Atalantany ýeňdi.Duşuşyk Madriddäki Alfredo di Stefano stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy.Hasaby 34-nji minutda hüjümçi Karim Benzema açdy. 60-njy minutda Serhio Ramos 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby artdyrdy.

Bergamasklylar diňe 83-nji minutda Luis Murieliň pökgüsi bilen jogap berdiler, ýöne eýýäm 85-nji minutda Marko Asensionyň goly Reala amatly artykmaçlyk berdi.Duşuşykda eminiň jedelli kararlary hem boldy.

Duşuşygyň emini Danni Makeli Atalantanyň howply hüjümi wagtynda arakesme yglan etdi.Bu hüjümde Muriel Realyň derwezebany bilen ýekme-ýek çykmak mümkinçiligine eýedi.

Beýleki duşuşykda Mançester Siti Mönhengladbahyň Borussiýasy bilen duşuşdy.Duşuşyk Budapeştdäki Puşkaş Arena stadionynda geçirildi we iňlis klubunyň 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.Pökgüleri Kewin De Bruýn (12) we Filip Foden (18) tora girizdi.

Klublaryň 24-nji fewralda bolup geçen birinji duşuşygy hem Mançester Sitiniň şu hasapdaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şeýlelikde, Real we Mançester Siti ýaryşyň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.Ondan öň, PSŽ, Liwerpul, Portu we Borussiýa Dortmund çärýek finala çykdy.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Mbappe PSŽ-den gitmek isleýär
“Real Madridiň” 133 million ýewrolyk transferi  
“Real Madrid” 3-si ýyldyz 4 futbolçysyny ugratdy
ÝÇL-iň çärýek finaly: Real Çelsiniň derwezesine jogapsyz iki gol geçirdi