Mbappe PSŽ-den gitmek isleýär

Her tomusda bolşy ýaly, fransiýaly super ýyldyz Kilian Mbappe bilen PSŽ-niň arasyndaky transfer gürrüňleri häzirki wagtda-da möwjäp başlady.Fransiýaly oýunçy toparyna geljek ýyl tamamlanýan şertnamasyndaky ýene bir islese oýnap biler diýen opsiýany ulanmak islemeýändigini habar berdi. Ýagny oýunçy geljek tomusda PSŽ bilen şertnamasy tamamlanýar.

Bu bolsa oýunçynyň geljek tomusda tölegsiz başga kluba geçjekdigini aňladýar.Parižliler ýyldyz oýunçynyň transferinden ep-eslini gazanmak isleýär. Şol nukdaýnazardan soňky çykan habarlara görä, klub Mbappeni şu tomusda transfer goýbermekçi bolýar.

AFP-niň habar bermegine görä, Mbappe kluba şertnamasyny uzaltmak islemeýändigini hat üsti bilen beýan edipdir. Bu barada Mbappe: Klubuň ýolbaşçylary meniň şertnamamyň 2024-nji ýylda tamamlanýandygyny we ony uzaltmak islemeýändigimi bilýärler. Hat ýagdaýy tassyklaýandygymy aňladýar, şonuň üçin ugradyldy diýip, çykýan gürrüňleriň dogrudygyny makullady.

Asensio, Hazar, Benzema ýaly ýyldyzlary ugradan “Real Madridiň” Benzema bilen gyzyklanýandygy hemmä mälim. PSŽ toparynyň Mbappeniň transferi tölegini 180-200 million ýewro möçberinde diýip kesgitlemegine garaşylýar. Transferiň amala aşyp-aşmajagyny bolsa wagt görkezer.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi, Türkmenistan we BMG özara hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdiler, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde degişli 37 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar