255-nji resmi “El Klasiko”

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda nobatdaky tapgyrda biri-birinden gyzykly duşuşyklar futbol muşdaklaryna garaşýar.

Öňümizdäki 3 günüň dowamynda oýnaljak täze tapgyryň duşuşyklarynda iň köp ünsi çekýän oýun “El Klasiko” duşuşygydyr. 28-nji oktýabrda oýnaljak “Barselona” “Real Madrid” duşuşygy şenbe güni 19:15-de başlanar.

Bu iki toparyň arasyndaky 255-nji resmi, umumylykda-da 297-nji “El Klasiko” bolar.Resmi oýunlara seredenimizde, “Real Madridiň” 102, “Barselonanyň” 100 ýeňşi bar (gollar 424 415).Umumylykda bolsa “Barselona” 124, “Real Madrid” 108 oýunda ýeňiş gazandy (gollar 519 479).

Iki topar mundan öň “La Liganyň” çäginde 186 gezek duşuşyp, şolarda “Realyň” 77, “Barsanyň” 74 ýeňşi bar.

Şeýle-de, ýekşenbe gününde-de birnäçe duşuşygyň arasyndan 4 sanysy öňe saýlanýar. Angliýanyň “Premier Ligasynda” Mançester derbisinde “Ýunaýted” öz meýdançasynda “Sitini” kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlanar. Iki topar 191-nji gezek özara güýç synanyşarlar. Mundan öňki 190 oýunda “Ýunaýted” 78, “Siti” 59 oýunda ýeňiş gazandy.

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da hem tapgyrda 2 esasy duşuşyk oýnalar. Ilki sanawyň lideri “Inter” öz meýdançasynda “Roma” bilen duşuşsa, çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Milan” bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar Ýewropa yklymynyň gyş sagadyna geçmegi sebäpli ozalky wagtyndan 1 sagat giç başlanar.

Ýene bir duşuşyk hem Niderlandlaryň çempionatyndaky PSW bilen “Aýaksyň” arasyndaky oýun bolar. Sanawyň başyny çekýän PSW bilen 17-nji ýerde barýan “Aýaksyň” duşuşygy 18:30-da başlar.

Ýene degişli makalalar

ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda deslapky duşuşyklar geçirildi
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Bellingam bar bolsa…
Şu gün 252-nji El Klasiko!
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Super “Barselona”