Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy

Meşhur futbol žurnaly “FourFourTwo” žurnaly dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygyny kesgitledi. Žurnal derbileriň dartgynly, çekeleşikli geçmegi ýaly maddalar esasynda düzüldi. Sanawa alnan derbileriň köpüsi şäher derbileri bolup, olaryň arasynda sebit derbileri hem bar.

Sanawyň başyny hemişe goh-galmagally, dawa-jenjelli geçýän “Superclasico” derbisi 1-nji ýeri eýeleýär. Argentinanyň 2 öňdebaryjy klubunyň “Riwer Pleýt” bilen “Boka Huniors” toparlarynyň derbi duşuşygy sanawda 1-nji orna mynasyp boldy.

2-nji ýerde Şotlandiýanyň “Old Firm” derbisi bolup, Glazgo şäheriniň 2 wekili “Seltik” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky derbi 2-nji ýeri eýeleýär.

3-nji basgançakda-da sebit derbisi, köplerine görä, dünýäniň iň uly futbol duşuşygy bolan “El Klasiko” derbisi bolup, “Real Madrid” “Barselona” duşuşygy bar.

Stambul şäheriniň 2 wekiliniň Fenerbahçe” “Galatasaraý” derbisi, sebit derbisi “Borussiýa Dortmund” bilen “Şalke 04” toparlarynyň duşuşygy, “Ruhr” derbisi, başga bir sebit derbisi “Mançester Ýunaýted” bilen “Liwerpulyň” arasyndaky duşuşyk, Rimiň iki kluby “Roma” bilen “Lasionyň” arasyndaky “Derby della Capitale”, Müsüriň iň uly 2 kluby “Al-Ahli” bilen “Zamalek” toparlarynyň duşuşygy, Fransiýada hemişe gopgunly geçýän sebit derbisi, “Marsel” bilen PSŽ-niň arasyndaky “Le Classique” derbisi, Milan şäheriniň 2 topary “Milan” bilen “Interiň” arasyndaky “Derby della Madonnina” duşuşyklary öňdäki onluga giren beýleki derbilerdir.

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy:

10. Milan Inter

9. Marsel PSŽ

8. Al-Ahly Zamalek

7. Roma Lasio

6. Mançester Ýunaýted Liwerpul

5. Borussiýa Dortmund Şalke 04

4. Fenerbahçe Galatasaraý

3. Real Madrid Barselona

2. Seltik Reýjers

1. Riwer Pleýt Boka Huniors

Ýene degişli makalalar

19 ýyldan soň yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňdi
2-nji liga düşen klub ýurduň kubogyna mynasyp boldy
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Transfer täzelikleri
Transfer täzelikleri
Kiçijik Leo nädip Messi boldy