19 ýyldan soň yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňdi

Argentinanyň çempionatynda dünýäniň öňdebaryjy derbileriniň hatarynda görkezilýän “Superclasico” duşuşygynda “Riwer Pleýt” myhmançylykda köne bäsdeşi “Boka Huniorsy” 2-0 hasabynda ýeňdi.Dartgynly geçen oýunda “Riwer Pleýt” toparyna ýeňiş getiren gollary 41-nji minutda Salomon Rondon hem-de 90-njy minutda Enzo Dias geçirdi. Şunlukda, “Riwer Pleýt” topary iň esasy bäsdeşini çempionatyň çäginde bassyr 2-nji gezek ýeňmegi başardy. Şeýle statistika soňky gezek 2004-nji ýylda, 19 ýyl öň hasaba alnypdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
Çempion “Boko Huniors”
Dünýäniň täsin stadionlary 3
“Palmeiras” finalyň bosagasynda