Çempion “Boko Huniors”

Argentinanyň çempionaty Superligada “Boko Huniors” topary çempionlyk gazandy.Paýtagt Buenos Aýresiň kluby soňky tapgyrda Maradonanyň tälimçiligindäki “Himnasiýa” toparyny 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Olara çempionlyk getiren ýeke-täk goly 72-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Karlos Tewez derwezä girizdi.

Bu ýeňişden soň, utugyny 48-e ýetiren “Boko Huniors” 34-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.Soňky tapgyra çenli 1-nji basgançakda barýan “Riwer Pleýt” bolsa, “Atletiko Tukuman” bilen 11 deňme-deň oýnap, 47 utukda galdy we çempionlygy ezeli bäsdeşine aldyrdy. Şeýlelikde, “Boko Huniors” topary 36 çempionlygy bolan “Riwer Pleýte” ýene bir ädim golaýlady.

Ýene degişli makalalar

19 ýyldan soň yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňdi
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=91581
4 ýyl öň şu gün…