https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=91581

Günorta Amerikanyň iň uly kubogyny ýene-de braziller gazandy

Günorta Amerikanyň iň uly klub ýaryşy bolan Libertadores Kubogynyň finaly Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki meşhur Marakana stadionynda geçirildi. 64-njy gezek geçirilen ýaryşyň finalynda Argentinanyň Boka Huniors hem-de Braziliýanyň Fluminense toparlary duşuşdy. Duşuşyga 69 232 janköýer tomaşa etdi.

Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlandy.Oýnuň 36-njy minutynda argentinaly hüjümçi German Kano brazil klubuny öňe geçirdi.Duşuşygyň 72-nji minutynda-da kolumbiýaly goragçy Luis Adwinkula hasaby deňledi.

Goşmaça wagtda-da, has takygy, 99-njy minutda Jon Kennedi brazil toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.Braziliýaly hüjümçä bu goldan soň 2-nji sary kart görkezilip, kolumbiýaly emin Wilmar Roldan ony meýdançadan çykardy.

Duşuşygyň 105+7-nji minutynda bolsa argentin klubundan Frank Fabra gyzyl kart aldy.Netijede, dartgynly geçen oýunda, goşmaça wagtda 2-1 hasabynda üstün çykan Fluminense topary taryhynda ilkinji gezek Günorta Amerikanyň Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny gazandy.

Rio de Žaneýro şäheriniň kluby mundan ozal 2008-nji ýylda finala çykyp, onda-da Kolumbiýanyň LDU Kuito toparyndan asgyn gelipdi.Marselo, Felipe Melo, Ganso ýaly bir döwürler Ýewropada çykyş eden ýyldyzlaryň oýnaýan klubuna Fernando Dinis tälim berýär.

Fluminense topary indiki aý Saud Arabystanynda geçiriljek FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogyna gatnaşar.Fluminense topary bu kubogy gazanan 11-nji brazil kluby hökmünde hasaba alyndy.Günorta Amerikanyň bu kubogyny soňky 5 ýylda-da brazil kluby gazanyp, ýaryşyň taryhynda şeýle waka ilkinji gezek duş gelinýär.

Başgaça aýdylanda, bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek bir ýurduň klublary yzly-yzyna 5 çempionlyk gazandy.Mundan argentin klublary 2 gezek yzly-yzyna 4 sapar çempion bolupdy.

Taryhynda 12-nji gezek finala çykan Boka Huniors topary-da 6-njy sapar ýeňlişe sezewar boldy.Buenos Aýres şäheriniň wekili 1977-nji, 1978-nji, 2000-nji, 2001-nji, 2003-nji hem-de 2007-nji ýyllarda çempionlyk gazanyp, bu ugurda Argentinanyň başga bir kluby Independienteden soň 2-nji orunda barýar.

Boka Huniors topary mundan ozal 1963-nji, 1979-njy, 2004-nji, 2012-nji, 2018-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.

Ýene degişli makalalar

4 ýyl öň şu gün…
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
21 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
“Marakanadaky” finalda “Palmeiras” bilen “Santos” duşuşar
Italýan klublarynyň täze transferleri