Italýan klublarynyň täze transferleri

Italiýanyň çempiony “Napoli” topary “Baride” oýnaýan Italiýanyň U 21 toparynyň derwezeçisi Elia Kaprileni transfer etdi. 7 million ýewro berlip, alnan 21 ýaşly derwezeçi “Empoli” toparyna 1 ýyl möhlet bilen kärendesine ugradyldy. Kaprile geçen möwsümde 41 oýunda derwezä durup, şolaryň 15-sinde gol geçirtmedi.

Italiýanyň başga bir kluby, mundan öňki möwsümiň çempiony “Milan” düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. “Milan” kluby “Wilýarrealyň” nigeriýaly wingeri Samuel Çukwuezeni 20+8 million ýewro transfer etdi. Italýan kluby 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Wilýarrealda” 50 oýunda 13 gol geçiren Çukwueze täze klubunda 21-nji belgili köýnekçäni geýer.

“Roma” kluby düzümindäki özbegistanly hüjümçi Eldor Şomurodowy ýene-de kärendesine ugratdy. Özbegistanly oýunçy öňümizdäki möwsümi 1 ýyllyk arakesmeden soň “Serie A” dolanan “Kaliaride” oýnar. “Kaliari” Şomurodowyň kärende tölegi üçin 1 million ýewro tölär, möwsümiň ahyrynda-da 9 million ýewro transfer edip biler. Şomuradow geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Spesiýada” kärendesine oýnapdy.

Bir ýyllyk arakesmeden soň täzeden “Serie A” dolanan “Jenoa” topary Italiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mateo Retegini düzümine goşdy.Bu transfer üçin “Boko Huniors” toparyna 15 million ýewro tölän Jenoa topary 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Soňky 2 möwsümi Argentinanyň “Tigre” klubunda geçiren Retegi 70 oýunda 35 gol geçirdi.Ol Italiýanyň ýygyndysynda-da 3 oýunda 2 gezek tapawutlandy.

Kolumbiýaly sag gyraky oýunçy Huan Kuadrado “Ýuwentusdan” Italiýanyň başga bir güýçli kluby “Intere” geçdi. Erkin agent ýagdaýynda “Intere” geçen 35 ýaşyndaky oýunçy milanlylar bilen geljek ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. “Çelsi”, “Fiorentina”, “Udineze” klublarynda oýnan Kuadrado “Ýuwentus” 8 möwsüm çykyş edip, turinlileriň köýnekçesini 314 duşuşykda geýdi.

Italiýanyň “Fiorentina” topary “Ýuwentusyň” braziliýaly ýarymgoragçysy Artur Melony möwsümiň ahyryna çenli kärendesine transfer etdi. “Fiorentina” topary kärende tölegi hökmünde turinlilere 2+2 million ýewro berer. Möwsümiň ahyrynda-da 20 million ýewro berip, ymykly düzümine-de goşup biler. 26 ýaşyndaky oýunçy geçen möwsümi “Liwerpulda” kärendesine geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Günüň transfer täzelikleri
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Mançester hem-de Madrid derbileri we hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary