Günüň transfer täzelikleri

Ispaniýanyň “Barselona” topary fransiýaly goragçysy Samuel Umtitini “Serie A”-nyň “Leççe” toparyna ugratdy. 28 ýaşyndaky oýunçy italýan kluby bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. 2016-njy ýylda “Liondan” “Barselona” geçen Umtiti katalonlaryň düzüminde 133 duşuşyk geçirdi. Ol geçen möwsümde “La Ligada” bary-ýogy 1 gezek meýdança çykdy.

* * *

Londonyň “West Ham” kluby şäheriň beýleki bir topary “Çelsiniň” italiýaly çep gyraky goragçysy Emerson Palmierini düzümine goşdy. Asly brazil bolan Emerson “West Ham” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. 28 ýaşyndaky futbolçy üçin “West Ham” “Çelsi” toparyna 15 million funt sterling berer. Geçen möwsümi Lionda kärendesin oýnan Emerson 2017-nji ýylda “Romadan” “Çelsä” transfer bolupdy.

* * *

Ispaniýanyň “Selta” topary ady käbir gopgunly wakalar bilen agzalýan hüjümçisi Santi Minany Saud Arabystanyna ugratdy. 26 ýaşyndaky ispaniýaly hüjümçi “Al-Şabab” topary bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama gol çekişdi. Şu wagta çenli “Walensiýa” (20152019) we “Selta” (20122015, 20192022) toparlarynda oýnan Mina “La Ligada” 268 oýunda 63 gol geçirmegi başardy.

Arap topary oýunçynyň kärende töleg hökmünde ispan toparyna 2,5 million ýewro berer.

* * *

Fransiýanyň “Marsel” toparynyň niderland ýarymgoragçysy Kewin Strootman täzeden Italiýa dolandy.Ol “Serie B” düşen “Jenoa” topary bilen 1 ýyllyk kärendesine ylalyşk gazandy. 32 ýaşyndaky oýunçy geçen möwsümiňem 1-nji ýarymynda “Jenoada” oýnapdy.

Ol 2-nji ýarymynda “Serie B” düşen başga bir toparda “Kaliaride” çykyş edipdi. “Sparta Rotterdam”, “Utreht”, PSW, “Roma” klublarynda oýnan Strootman “Marsel” toparynyň köýnekçesini 2,5 möwsüm geýipdi.

* * *

Türkiýäniň “Beşiktaş” topary “Ewertondan” angliýaly ýarymgoragçy Dele Allini transfer etdi. Türk kluby 26 ýaşyndaky oýunçy bilen möwsümiň ahyryna çenli 1 ýyllyk kärendesine şertnama gol çekişdi. “Beşiktaş” Dele Allini geljek möwsümde transfer etmek islese 8 million ýewro berip, ymykly düzümine hem geçirip biler. Dele Alli 2021-nji ýylyň tomsunda “Tottenhamdan” “Ewertona” transfer bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Ýurduň iň gadymy kluby ikinji liga düşdi
“Serie A-nyň” täze möwsümi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Transfer täzelikleri