“Serie A-nyň” täze möwsümi

Ýewropanyň TOP 5 ligasynda şu wagta çenli diňe “Serie A-da” täze möwsüm başlanmandy.Ine-de, gorag futboly bilen adygan italýanlaryň iň uly witrinasy bolan “Serie A-nyň” 88-nji, umumylykda-da Italiýanyň ýokary ligasynyň 118-nji möwsümine şu gün badalga berler.“ÝUWENTUS” ÝENE-DEÇEMPIONLYGA GOLAÝ20 klubuň çykyş edýän çempionatynda bu möwsümde-de çempionlygyň iň esasy, hatda, belli bir derejede ýeke-täk dalaşgäri ýene-de “Ýuwentus” topary bolar.

Soňky 8 ýylda yzly-yzyna, umumylykda-da 35 gezek çempionlyk gazanan Goja Sinýora möwsüme täze tälimçisi Maurizio Sarriniň tälimçiliginde başlaýar.Geçen möwsümde “Çelside” işlän Sarriniň täze toparynda her pozisiýa (gorag, hüjüm…) üçin azyndan 2-3 sany futbolçynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Elbetde turinlileriň ýene bir iň esasy arzuwy, ol hem çärýek asyra golaý wagtdan bäri gazanyp bilmeýän Çempionlar ligasynyň kubogyny asmana götermek bolar. Çempionlyk ýolunda “Ýuwentusa” päsgelçilik döredip biljek toparlar hökmünde-de Karlo Ançelottiniň tälimçiligindäki “Napoli” bilen “Ýuwentusyň” ozalky tälimçisi Antonio Konteni wezipä bellen “Inter” klublary görkezilýär. “Roma”, “Milan”, “Lasio”, “Fiorentina” toparlary çempionlygy beýleki dalaşgärleri hasaplanýar.

Liganyň täze klublary “Breşiýa” 8, “Leççe” 7, “Hellas Werona” bolsa, 1 ýyldan soň, “Serie A” dolandy.Geçen möwsümiň ahyrynda toparlaryň 7-si tälimçisini çalşyp, olaryň arasynda “Ýuwentus”, “Inter”, “Roma”, “Milan” ýaly liganyň esasy klublary hem bar. Çempionatdaky 20 klubuň 16-synyň tälimçisi ýerli italýanlar bolup, galanlary horwatiýaly (2), serbiýaly hem-de portugaliýaly hünärmenlerdir.

Ikinji tapgyrda2 uly duşuşykÇempionat çempion “Ýuwentusyň” myhmançylykdaky “Parma” duşuşygy bilen açylsa, tapgyryň iň esasy oýny “Fiorentina” bilen “Napoliniň” arasynda bolar.Eýýäm 2-nji tapgyrda welin, futbol janköýerlerine 2 uly duşuşyk, “Ýuwentus”“Napoli” hem-de Rim derbisi “Lasio”“Roma” oýunlary garaşýar. “Ýuwentus”“Napoli” oýnunyň tälimçi Maurizio Sarri üçin aýratyn orny bolar.Ilkinji çempion “Jenoa”Italiýanyň ýokary ligasy 1898-nji ýylda geçirilip başlanýar. Şonda ilkinji 7 möwsümde “Jenoa” topary 6 çempionlyk gazanýar. 2 gezek yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanan “Jenoanyň” ýeňişleriniň arasyny “Milan” topary üzýär. 1929/30 möwsüminden başlap “Serie A” adyny alan çempionat şol ýyla çenli dürli atlar bilen geçirilýär.

Italiýada iň köp çempionlyk gazanan topar “Ýuwentus” bolup, olar 35 gezek çempionaty iň ýokarky orunda tamamlaýar. “Milandyr” “Interiň” hersi 18, soňky gezek 1924-nji ýylda çempion bolan “Jenoa” 9, “Torino”, “Bolonýa” we häzirki wagtda “Serie C-de” çykyş edýän “Pro Werçelli” 7, “Roma” 3, “Napoli”, “Lasio”, “Fiorentina” 2, “Kaliari”, “Çesale”, “Nowese”, “Hellas Werona” we “Sampdoriýa” 1 sapar çempionlyk kubogyny asmana göterýär. “Serie A-da” ähli möwsümde, ýagny 1929/30 möwsüminden bäri diňe “Inter” topary çykyş edip gelýär. “Ýuwentus”, “Roma” 87, “Milan” 86 möwsüm bilen öňdäki 3 orny eýeleýärler. Çempionatda şu wagta çenli, ýagny 1929-njy ýyldan bäri jemi 67 topar çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
“Fiorentina” ozalky tälimçisini wezipä belledi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Günüň transfer täzelikleri