Ýurduň iň gadymy kluby ikinji liga düşdi

Italiýanyň çempionatynda 37-nji tapgyrdan soň “Serie A” bilen hoşlaşan 2 klub belli boldy.Olaryň birinjisi geçen möwsüm ençeme ýyldan soň ýokary liga çykan “Wenesiýa” bolup, suw üstündäki şäheriň klubunyň “Serie A”-daky başdan geçirmesi bir ýyl dowam etdi. “Wenesiýa” soňky tapgyrda “Roma” bilen myhmançylykda 1-1 deňme-deň oýnady. “Serie A”-da “Serie B” düşen 2-nji topar Italiýanyň iň gadymy topary, ýurduň 9 gezek çempiony “Jenoa” bolup, Genue şäheriniň wekili 37-nji tapgyrda myhmançylykda “Napoliden” 3-0 utuldy.

Möwsümiň dowamynda 3 tälimçi çalşan klub ähli tagallalara garamazdan, 15 ýyldan soň “Serie A” bilen hoşlaşdy.Başgaça aýdyldan, Genue şäheri azyndan bir möwsüm üçin derbisiz galdy. “Serie A”-dan ikinji liga düşjek 3-nji topar Kaliari ýa-da “Salernitana” bolar. “Salernitinanyň 31, “Kaliariniň” 29 utugy bar.

“Serie B”-de “Leççe” çempion, “Kremonese” hem 2-nji ýeri eýeläp, geljek möwsümde “Serie A”-da çykyş etmäge hukuk gazandylar. “Leççe” 2 möwsümden soň 16-njy gezek “Serie A” çykdy. “Kremonese” bolsa 26 ýyldan soň ýokary liga çykmagy başardy.

Olar mundan ozal 7 möwsüm “Serie A”-da çykyş edipdi. “Serie B”-den ýokary liga çykjak 3-nji topar bolsa pleý-offlardan soň belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Günüň transfer täzelikleri
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Ýewropada ýeňilmedik ýok
“Serie A-nyň” täze möwsümi