Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi

Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 19-njy tapgyrda 10 duşuşykda ýeke ýer eýesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi. 6 oýunda myhmanlar (5-sinde gol geçirtmezden) ýeňiş gazanyp, 4 oýun deňlikde tamamlandy.

Sanawyň lideri “Inter” myhmançylykda tälimçisi Kiwunyň öňki kluby “Parmany” Dimarko hem-de Turamyň gollary esasynda 2-0 ýeňdi.

Çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Werona” bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. “Werona” 1-nji ýarymda Freze hem-de Orbanyň (p) gollary bilen 2-0 öňe geçse-de, olara üstünligini saklamak başartmady. MakTomineý hem-de Di Lorenzo hasaby deňlän gollary geçirdiler.

“Milan” bolsa öz meýdançasynda Jenoa bilen duşuşyp, 90-njy minutdan soň 1 utuga kaýyl bolmaly boldy. 28-nji minutda “Jenoa” “Milanyň” öňki oýunçysy Kolombonyň goly bilen öňe geçdi.

Oýnuň 90+2-nji minutynda Rafael Leao hasaby deňläp, “Milany” ýeňlişden halas etdi.Duşuşygyň 90+9-njy minutynda myhmanlara ýeňiş goluny geçirmäge pursat bolsa-da, Stançunyň uran penaltisi sowa geçdi.

“Ýuwentus” myhmançylykda “Sassuolonyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi.

“Roma” hem “Leççeni” myhmançylykda Ferguson hem-de Dowbygyň gollary esasynda 2-0 hasap bilen utdy.

19-njy tapgyryň netijeleri:

Pisa Komo: 0-3 (Perrone 68, Duwikas 76, 90+6 p),

Leççe Roma: 0-2 (Ferguson 14, Dowbyk 71),

Sassuolo Ýuwentus: 0-3 (Muharemowiç 16 ö.d., Miretti 62, Dewid 63),

Bolonýa Atalanta: 0-2 (Krstowiç 37, 60),

Napoli Werona: 2-2 (MakTomineý 54, Di Lorenzo 82 Freze 16, Orban 27 p),

Lasio Fiorentina: 2-2 (Kataldi 52, Pedro 90+5 p Gosens 56, Gudmundsson 88 p),

Parma Inter: 0-2 (Dimarko 42, Turam 90+8),

Torino Udineze: 1-2 (Kasadei 87 Zaniolo 50, Ekkelenkamp 82),

Kremoneze Kaliari: 2-2 (Ýonsen 4, Wardi 29 Adopo 51, Trepi 88),

Milan Jenoa: 1-1 (Leao 90+2 Kolombo 28)

Ýene degişli makalalar

Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
“Inter” ýyly lider tamamlar
“Inter”, “Milan” hem-de “Napoli” iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy