Kiçijik Leo nädip Messi boldy

/* custom css */ .td_uid_19_60d3cd2cdc84c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d3cd2cdc84c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Şu gün dünýä futbolynyň ägirdi, ady eýýämden rowaýata öwrülen argentinaly super ýyldyz Lionel Messiniň doglan güni.

Ol şu gün 34 ýaşaýar.Onuň durmuşyny, esasan hem çagalyk ýyllaryny bilmek megerem gyzykly bolsa gerek.Onuň futbolçylygyna, gazanan üstünliklerine, futbolda görkezýän jadysyna biziň hemmämiz belet. Ýyldyz oýunçynyň doglan gününi gutlap, uzak ýaş arzuw edip, onuň çagalyk ýyllaryny, has takygy, “Barselona” çenli geçiren günleri baradaky makalany siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Häzirki wagtda futbol bilen az-owlak gyzyklanýan islendik adama “Şu wagt dünýäniň iň gowy oýunçysy kim” diýip, soralsa, köpler Kristiano Ronaldo diýse, has köpler Lionel Messi diýer diýip aýtsak ýalňyşmarys.

Entek ýaşlygyna garamazdan, köpleriň (futbolçylaryň) ýetip bilmejek başarnyklaryny gazanan Lionel Messiniň nädip ulalandygyny bilmek megerem gyzykly bolsa gerek.Aýratynam klub futbolynda çür depä çykan super ýyldyz üçin ispaniýaly futbolçy Ander Herrera şeýle diýýär: “Messi mekdepde hiç kime pökgini bermän, hemmeleri aldap, ýeke özi oýnap ýören çaga ýaly”.

Hawa, ýokarda aýdylan söz Messiniň nähili oýunçydygyny dolulygyna subut edýär.Leo Messi Panara derýasynyň kenarynda, Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresden 300 kilometr daşda ýerleşýän Rosario diýen şäherçede (Sante Fe welaýatynda), 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda dünýä inýär.

Doly ady Lionel Andres Messi Kukkitinidir.Kakasy Horge Horasio Messi fabrikde, ejesi Selia Mariýa Kukkitini bolsa tämizlikçi bolup işleýärdi.Messiniň iki erkek dogany (Rodrigo we Matias), birem gyz jigisi (Marisol) bar.

Leo kän gülenokdy, ol ümsüm gezýärdi.Kän geplemezek bolan Messi uly adamlar ýaly agrasdy.Messiniň futbola bolan höwesi 3 ýaşynda başlaýar we şondan bäri-de ol ondan aýrylyp bilmeýär.

Messiniň kakasy Horgeniň esasy arzuwy futbolçy bolmak ekeni, emma oňa bu maksadyna ýetmek miýesser etmeýär. Ýagdaý şeýle bolansoň ol ogullarynyň biriniň futbolçy bolmagyny isleýär.Messiden ýedi ýaş uly bolan Rodrigo köp wagtdan bäri futbol bilen gyzyklanýanam bolsa, kakasynyň oňa bolan ynamy azdy.

Sebäbi Rodrigo çaldy-goýdy, kakabaşrak bolansoň, futbolyny kämilleşdirip bilenokdy, onsuzam o diýen ukyply hem däldi.Messiden 5 ýaş uly Matiasyň bolsa futbol bilen hiç hili weji ýokdy.Ol kitap okamagy, mahlasy sapaklary bilen gümra bolmagy gowy görýärdi.

Horgeniň bar umydy Messi bolýar. Ýöne Messi bolsa, ejizje hem-de horajykdy.Hatda mekdepde okuwyň ilkinji gününde ýoldaşlary “sen kiçi, ejiz” diýip, ony oýna hem goşmandyrlar.Bu ýagdaýa Messi az-owlak gaharlanyp, gyrada oturmak bilen bolýar.

Soňra birden pökgi Messiniň öňüne düşýär.Olam pökgini alyp, ýoldaşlaryny ýeke-ýeke aldap geçýär. Şol pursatdan soň bolsa, iki toparam Messini oýnatjak bolup özara sene-mene hem edýär.

Messiniň ýyldyz boljakdygyna ynamy uly bolan Horge, oglunyň futbolçy bolmagy üçin elde baryny edýär.Leonyň sapaklar bilen arasy o diýen gowy bolmandyr.Onuň iň ýakyn dosty Enriko bolup, mekdep hem öýleriniň golaýynda bolupdyr.

Bu iki ýaşajyk dost her gün mekdebe pökgi depip gider ekenler.Messiniň arzuwy argentinaly meşhur futbolçy Aimar ýaly bolmakdy.Leo bäş ýaşyndaka okuwyň çagalar futbol toparynyň hataryna girýär.

Bu bolsa maşgalany az-owlak maliýe taýdan kyn güne salmak diýmekdi.Kakasy munuň üçin Messiniň ejesini yrmaly bolýar.Ejesi bolsa okuwyna päsgel bermese, oýnaýsyn diýýär.Okuwdaky toparyň hepdede iki gezek türgenleşigi bardy. Ýöne kakasy Messiniň her gün diýen ýaly türgenleşik geçmegini isleýärdi. Şol sebäpli kakasy ony alyp, goşmaça şäherçäniň iň gowy topary “Grandoliniň” hataryna goşýar.

Leo bu ýere-de Enriko bilen gatnaýar.Messiniň ilkinji tälimçisi Santiýago kiçijik Leonyň ysgyndan gaçýança ylgamagy üçin oňa yzygiderli gygyrýar.Horge ogluna buýsanýardy.Fabrikdäki işdeşlerine Messiniň kiçijikkä topy görende derrew aýaga galýandygyny, galan wagtlarda-da emedekleýändigini gürrüň berýär.

Hatda ol oglunyň günleriň birinde dünýä ýyldyzy boljakdygyny we köp pul gazanjakdygyny, şol pul bilenem işdeşlerine uly kömek etjekdigini aýdýar.Horge oglunyň türgenleşiklerine hemişe gelip, onuň ýalňyş hereketlerini düzeltmäge ýardam berýär, “eýt-beýt” diýip, görkezme berýär.

Messiniň tälimçisi Santiýago bu ýagdaýdan nägile bolup, Leonyň kakasyna: “Isleýän bolsaňyz topara siz tälimçilik edäýiň” diýip, zeýrenýär.Hakykatdan-da şeýle bolýar. Şondan soň Horge boş wagtlarynda “Grandoli” toparyna tälimçilik edip başlaýar.

Lionel Messi “Grandolide” üç ýyl çykyş edýär. 1995-nji ýylda kakasy Messiniň has ulurak, has abraýlyrak klubda çykyş etmeginiň gerekdigini pikir edip, ähli tanyş-bilişlerine öz oglunyň ukyby barada gürrüň berip çykýar. Şol gürrüň berenleriniň biri bolsa ýurduň uly klublaryndan, ogly Rodrigonyň hem az-owlak çykyş eden “Newell’s Old Boy” toparynyň tälimçileri bolýar.

Olaram Messiniň ukybyna göwni ýetýär we ony “Newell’s” toparynyň düzümine kabul edýärler.Edepli, tertipli bolansoň, Messiniň futboldan başga aladasy-güýmenjesi ýokdy.Leonyň kakasy maliýe taýdan ýagdaýlary pes hem bolsa, ogly üçin iň gowy sport aýakgabyny alyp berýär.

Bu bolsa Messini hasam hyjuwlandyrýar.Garaz tutuş maşgalanyň bar küýi-köji Lionel bolýar.Rodrigo bilen Matias körpeleri Messä bolan bu aladadan az-owlak birahat bolup, hatda ony kemsidýärler, özlerine goşman başlaýarlar.

Ykdysady ýetmezçilik sebäpli Messileriň maşgalasy Leony okuwyň futbol toparyndan almaly bolýar.Elbetde, bialaç Horge bu ýagdaýa gaty gynanýar.Messi “Newell’s Old Boys” toparynyň türgenleşiklerine dowam edýär.

Kakasy “Newell’s Old Boys” toparynyň tälimçilerinden Messini berk türgenleşdirmegi haýyş edýär.Tälimçiler Leony öz ýaşdaşlaryndan başga-da özünden ulular bilen hem oýnadyp başlaýar.Kiçijik Messi bolsa ulular bilen oýnanda, aýagyny şikesden goramak üçin bar güýjüni gaýgyrman seresaply oýnamaly bolýar.

Futboldan sowaşan agasy Rodrigo Messä bit diýip lakam goýýar.Sebäbi Leo synpynyň, toparynyň hat-da şol jelegaýlaryň iň gysga boýly oglanjygydy. Üç ýyllap “Newell’s” toparynda çykyş eden Leonyň kakasy, ogluny has hem uly klubuň hataryna goşmak üçin alada galýar.

Ol oglunyň aladasy bilen ähli tälimçiler bilen diýen ýaly görşüp çykýar.Bir gün Horge Argentinanyň iň naýbaşy klublaryndan “Riwer Pleýtiň” tälimçilerine öz ogly barada gürrüň berýär.Aslynda bu toparyň tälimçileri ozaldan Messiden habarly ekeni.

Täze möwsümden başlap 9 ýaşlyja Leo “Riwer Pleýtiň” hataryna goşulýar.Messiniň begenjiniň çägi ýokdy.Ol boş kagyzlara öz goluny çekmegi öwrenýär.Täze toparynyň oýunçy seçip-alyşyna gatnaşýar we şol oýunda 2 gol geçirip, 3 goluňam pasyny berýär.

Umuman Messiniň futboly toparyň tälimçileriniň göwnünden turýar.Indi diňe saglyk ýagdaýyny barlaýmak galýar. Öýde bolsa ýagdaý düýp-göter başgaçady.Ejesi oglunyň hökmany suratda okuw okamagyny isleýärdi.Messiniň agalary bolsa, Leo sebäpli kakalarynyň özlerine hiç hili üns bermeýändiklerini bahanalap, kiçi jigileriniň bu başarnygyny idili gutlamaýarlar hem.

Messiniň saglyk ýagdaýynyň barlaglarynyň netijesi 1 hepde soň äşgär edilýär. Şol ýyl Leo 10 sapagyň 8-sinden pes baha alýar.Muny bolsa, ejesine aýtmak kyn düşýär we kellesine “Riwer Pleýt” toparynyň hataryna girip bilsem, kakam belki ejemi yrar diýen pikir gelýär.

Birnäçe günden soň klub Horge we ogluny çagyrýar.Horge az soňra ajy hakykat bilen ýüzbe-ýüz galmaly bolýar: “Ogluňyz diýseň ukyply, ýöne onda garmon ýetmezçiligi bar. Ýagny ogluňyz ulalyp bilmez, boýy ösmez.

Hasaplamalarymyza görä onuň boýy 1 metr 40 santimetrden geçmez diýip çaklaýarys”.Bu sözler Horgede uly sarsgyn döredýär.Lukmanlar bejergisini alan ýagdaýynda hem Leonyň boýunyň uzap bilmejekdigini, Messä belli wagtlarda garmon sanjymynyň edilmelidigini aýdýarlar.

Bu bolsa her aý 900 dollarlyk çykdajy diýmekdi.Bu puly maşgalanyň hem-de klubuň tölemegä güýji ýetmeýär.Messi bu habary gynanç bilen garşylaýar.Toparyň ýaşlar düzümine saýlanyp bilmedik Messä boýuň ösmez diýilýär. Üstesine-de sapaklaryndan ýetişigi-de diýseň pes bolýar.

Messiniň bu ýagdaýyna Horge we maşgalasy diýseň gynanýar.Horgeniň aýal dogany Mariýa Ispaniýada ýaşaýardy.Horge Mariýa bilen habarlaşýar we ondan kömek soraýar. Ýöne Mariýanyň hem edip biljek zady ýokdy.

Messi ýaşaýan ýerinde bejergi alyp başlaýar.Onuň bejergisi bir ýyla golaý wagt dowam edýär.Ol şol tarapdanam “Newell’s Old Boys-yň” ýaşlar düzüminde çykyş etmegini dowam etdirýär.

Messi ukol urmany hem öz-özi öwrenip başlaýar.Ol maşgalasynyň özi üçin nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna gowy düşünýär.Olary begendirjek bolup elinden geleni gaýgyrmaýar.Messi 11 ýaşap barýar we ýurtdaky ykdysady çökgünlik hem has artyp başlaýar.

Maşgalasy üçin Messä ukollyk dermanlaryny almak has-da kynlaşýar.Kakasy ähli tanyş-bilişleri bilen görşüp çykýar. Ýöne netije çykmaýar.Günleriň birinde paýtagtda ýerleşýän menejerlik şereketi Messiden habar tutýar. Şereketiň ýolbaşçylary ähli zatdan habarlarynyň bardygyny, eger rugsat berseler Messiniň aladasyny özleriniň etjekdiklerini, hatda mümkin bolan ýagdaýynda Ispaniýanyň Barselona şäherine-de alyp gidip biljekdiklerini aýdýarlar.

Bu habara Horge diýseň begenýär. Üç aý soň habar gelýär. “Barselona” Messini 15 günlük synag üçin Ispaniýa alyp gaýdýar. Üstesine-de ähli çykdajylar klub tarapyndan tölenýär.Bu zatlar üçin 13 ýaşap barýan Messiniň begenjiniň çägi bolmaýar.

Ony iň köp gynandyrýan zat dosty Enrikodan aýrylyp gaýtmak bolýar. Şol wagtlar “Barselonanyň” ýetginjekler düzümine Karlos Rehaç tälim berýardi.Synaglara Messi bilen bir hatarda 30 çaga gatnaşýar.Messi we beýlekiler 15 günläp dürli synaglardan geçirilýär.

Tälimçiler Messiniň çep gyrada has gowy oýnaýandygy belleýärler.Ol özüniň ilkinji türgenleşik duşuşygynda 5 gol geçirýär.Rehaç Horgeni çagyrýar we şatlykly habary buşlaýar: “Eger maşgala bolup, şu ýerde galsaňyz ogluňyzy transfer ederis.

Siziňem işlemegiňiz üçin ygtyýarnama alarys”.Iki tarabam razylaşýar.Resmi işler 6 aýyň dowamynda dolulygyna taýýar bolýar. Şeýlelikde Leo “Barçanyň” ýetginjekler toparynda oýnap başlaýar. 15 ýaşyndaka çep aýagyndan şikes alyp, iki aýa golaý futbol oýnap bilmeýär.

Bu onuň şol ýyllardaky uzak wagtlap dowam eden iň uly şikesi bolýar. Ähli bejergilerden soň Messiniň boýy az owlak uzaýar, onuň boýy 29 santimetr uzalyp, 1,40-dan 1,69-a ýetýär. 2003-nji ýylyň 16-njy dekabrynda onuň durmuşynda uly wakalaryň biri bolup geçýär.

Messi şol gün “Barçanyň” Çempionlar ligasynyň çäginde “Porto” bilen geçiren duşuşygynyň 76-njy minutynda meýdança girip, ilkinji sapar resmi ýagdaýda “katalonlaryň” köýnekçesini geýýär. 2004-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda bolsa “La Ligadaky” ilkinji tejribesini başdan geçirýär.

Messi şol gün toparynyň “Espanýol” bilen geçiren oýnunda 83-nji minutda Dekonyň ornuna oýna girýär.Ol “La Ligadaky” ilkinji goluny 2005-nji ýylyň 1-nji maýynda “Albaseteniň” derwezesinden girizýär.

Leo şol wagt 17 ýaşly oglanjykdy.Kakasy oňa ynandy, Messi-de ynamy dolulygyna artykmajy bilen ödedi.Hekaýanyň mundan soňy bolsa hemmämize mälim… “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň sport synçysy.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messiniň Pari Sen-Žermen toparyndaky döwri gutarýar
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
“Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” ekranlaşdyrylar