Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy

Dünýäniň ilkinji çempiony Urugwaýyň milli ýygyndysynyň hem düzümi mälim bolup, tälimçi Diego Alonso Katar 2022-de çykyş etjek düzüme Luis Suares, Edinson Kawani, Diego Godin, Fernando Muslera ýaly tejribeli oýunçylary çagyrdy. Şol bir wagtyň özünde Bentankur, Walwerde, Nunýes, Arauho, Oliwera, Wesino ýaly klublarynda şowly çykyş edýän futbolçylar hem Katar 2022-de çykyş ederler.

Urugwaýyň ýygyndysy Katar 2022-de “H” toparçada Portugaliýadyr Gananyň hem-de Günorta Koreýanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

DERWEZEÇILER:

Fernando Muslera (Galatasaraý), Serhio Roçet (Nasonal), Sebastian Sosa (Independiente).

GORAGÇYLAR:

Diego Godin (Atletiko Mineiro), Martin Kaseres (LA Galaksi), Hose Himenes (Atletiko), Sebastian Koates (Sporting), Matias Winýa (Roma), Ronald Arauho (Barselona), Gilermo Warela (Flamengo), Matias Oliwera (Napoli), Hose Rodriges Bebans (Nasional).

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Matias Wesino (Lasio), Rodrigo Bentankur (Tottenhem), Federiko Walwerde (Real), Jorjian de Arraskaeta (Flamengo), Lukas Torreira (Galatasaraý), Nikolas de la Krus (Riwer Pleýt), Manuel Ugarte (Sporting), Fakundo Torres (Orlando Siti), Fakundo Pelistri (Mançester Ýunaýted).

HÜJÜMÇILER:

Luis Suares (Nasional), Edinson Kawani (Walensiýa), Darwin Nunýes (Liwerpul), Maksi Gomes (Trabzonspor), Agustin Kanobbio (Atletiko Paranaense).

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
3 yklym çempionat
“Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi, Suares 23 oýundan bäri gol geçirenok
Jewdet Ýylmaz Londonda saparda bolýar
Mewlüt Çawuşogly ADF-nyň çäginde köp sanda duşuşyklar geçirýär
Türkmenistan Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün edip biljekdigini aýdýar