UEFA “Sewilýa” Ligasy

UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşy bolan Ýewropa Ligasynda 2022/23 möwsüminiň çempiony belli boldy. Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki “Puşkaş Arena” stadionynda oýnalan finalda Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen Italiýanyň “Roma” topary duşuşdy. Angliýaly Antoni Teýloriň eminlik eden oýny diýseň dartgynly geçdi. Duşuşyga 61 476 janköýer tomaşa etdi.

Oýna italýan kluby hüjümler bilen başlap, olar 35-nji minutda öňe saýlandylar.Bu goly Mançininiň pasyndan soň argentinaly ýyldyz hüjümçi Paola Dibala geçirdi.Duşuşygyň 1-nji ýarymy 1-0 hasap bilen tamamlandy. 2-nji ýarym ispan kluby hüjümler bilen girişdi. Şol hüjümleriň biri öz oňyn netijesini berip, hasap deňlendi.

Oýnuň 55-nji minutynda sag gyradan Hesus Nawasyň jerime meýdançasynyň içine geçiren topuny Mançini ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi.

Esasy wagtyň galan minutlarynda klublaryň eden tagallalary hasaby üýtgetmek üçin ýeterlik bolmady.Goşmaça 30 minutda-da ilki “Sewilýa”, soňra “Roma” öňe saýlanmak üçin hüjümlerini artdyrdy. Ýöne iki tarapa-da hasaby üýtgetmek başartmady.

Netijede, ýeňijini 11 metrlik urgulary kesgitlemeli edildi.Bu urgularyň başyny başlan “sewilýalylar” ýeke gezek hem ýalňyşmadylar. “Sewilýanyň” adyndan Okampos, Lamela, Rakitiç, gaýtadan ýerine ýetiren Montiel dagyny urgulary takyk boldy. “Romadan” Kristante şowly başlan hem bolsa, topardaşlary Mançininiň urgusyny derwezeçi sowdy.

Ibanýesiň urgusy bolsa sütünden yzyna gaýtdy. Şunlukda, 11 metrlik urgularynda 4-1 öňe saýlanan “Sewilýa” topary 3 ýyllyk arakesmeden soň 7-nji gezek Ýewropa Ligasynyň çempionlygyny gazandy.Andalusiýalylar mundan ozal 2006-njy we 2007-nji ýyllarda yzly-yzyna 2, soňra 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda bassyr 3 gezek, soňky sapar hem 2020-nji ýylda UEFA-nyň 2-nji derejeli kubogyny gazanypdylar.

Bu ugurda özleri bilen bäsleşýän “Sewilýa” toparyna iň golaý klublaryň 3 çempionlygy bar.

* Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, Sewilýanyň marokkoly derwezeçisi Ýassin Bunu saýlandy.

* Ispan klublary 14-nji gezek kubogy eýeläp, olar bu ugurda 9 çempionlygy bolan iňlisdir italýan klublaryndan öňde barýarlar.

* “Sewilýanyň” tälimçisi Hose Luis Mendilibar 62 ýaş 78 gün bilen bu kubogy gazanan iň ýaşuly tälimçi rekordyny Maurizio Sarriden (60 ýaş 139 gün) almagy başardy.

* Tälimçi Mourionio, şol sanda 13 futbolça, jemi 14 sary kart görkezilip, bu rekorda deňdir.

* “Sewilýa” topary Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyrlarynda 50-den köp duşuşyk geçiren ilkinji topar boldy (52 oýun)

* Mundan öň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 5 finalynda-da kubogy eýelän Žoze Mourinio ilkinji gezek finalda asgyn geldi.

* “Sewilýa” topary täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar.

“SEWILÝA”: Bunu Hesus Nawas (k) (Gonzalo Montiel 94), Loik Bade, Nemanýa Gudelž (Markao 120+8), Aleks Telles (Karim Rekik 94) Fernando (Joan Jordan 120+8), Iwan Rakitiç Lukas Okampos, Oliwer Torres (Suso 46), Braýan Gil (Erik Lamela 46) Ýussef En-Nesiri; Tälimçi Hose Luis Mendilibar.

“ROMA”: Rui Patrisio Janluka Mançini, Kris Smolling, Rojer Ibanýes Zeki Çelik (Nikola Zalewski 91), Braýan Kristante, Nemanýa Matiç (Edoardo Bowe 120), Leonardo Spinazzola (Diego Llorente 106) Lorenzo Pellegrini (k) (Stefan El-Şaarawi 106), Paulo Dibala (Jeorjinio Weýnaldum 68), Toni Abraham (Andrea Belotti 74); Tälimçi: Žoze Mourinio

Ýene degişli makalalar

“Roma” PSŽ-li futbolçyny transfer etdi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi