Argentinaly ýyldyz “Romany” saýlady

“Ýuwentus” bilen şertnamasyny uzaltman klubdan gaýdan argentinaly ýyldyz oýunçy Paulo Dibala Italiýanyň başga bir klubunyň düzümine goşuldy. 28 ýaşly hüjümçi paýtagt Rimiň “Roma” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol Mourinio bilen işleşmegiň aýratynlygynyň bardygyny belläp, bu kluby ýörite saýlandygyny aýtdy.Dibala rimlilerden goşmaçalardan daşary ýyllyk 6 mllion ýewro hak alar. “Instituto”, “Palermo” ýaly klublarda oýnan Dibala 2015-nji ýyldan bäri “Ýuwentusyň” köýnekçesini geýip gelýärdi.

Ol turinlileriň düzüminde 293 oýunda 115 gol geçirip, klubuň iň netijeli 9-njy oýunçysy boldy.Dibala bilen “Inter”, “Napoli” klublary içgin gyzyklanypdy. Şol sanda ol “Milan”, “Mançester Ýunaýted” ýaly toparlaryň hem transfer sanawynda bardy.

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
“Roma” PSŽ-li futbolçyny transfer etdi
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Roma” ahmyrdan çykdy
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi