Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...

Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...

Dünýä belli futbol internet saýty “goal.com” geçen 2019-2020 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip, “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskini saýlady. 32 ýaşyndaky hüjümçi geçen möwsümde 47 oýunda 55 gol geçirdi. “Bawariýanyň” 5 kubok gazanmagynda esasy rol oýnan Lewandowskiniň şu ýyl “France Football” žurnalynyň “Altyn top” baýragyny gazanmagyna garaşylýardy. Ýöne žurnal bu ýyl dünýäde emele gelen ýagdaýlar sebäpli baýragy gowşurylmajakdygyny habar beripdi.

Saýt şol bir wagtyň özünde geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysynyň sanawyny hem düzdi.

1. Robert Lewandowski (Bawariýa)

2. Kewin de Bruýne (Mançester Siti)

3. Lionel Messi (Barselona)

4. Neýmar (PSŽ)

5. Kristiano Ronaldo (Ýuwentus)

6. Kilian Mbappe (PSŽ)

7. Wirjil Wan Deýk (Liwerpul)

8. Karim Benzema (Real Madrid)

9. Tomas Müller (Bawariýa)

10. Sadio Mane (Liwerpul)

11. Ýozua Kimmih (Bawariýa)

12. Tiago Alkantara (Bawariýa/Liwerpul)

13. Serhio Ramos (Real Madrid)

14. Trent Aleksander-Arnold (Liwerpul)

15. Romelu Lukaku (Inter)

16. Serž Gnabri (Bawariýa)

17. Erling Holand (Borussiýa D)

18. Mohamed Salah (Liwerpul)

19. Çiro Immobile (Lasio)

20. Alfonso Dewis (Bawariýa)

21. Manuel Noýer (Bawariýa)

22. Bruno Fernandeş (Mançester Ýunaýted)

23. Jordan Henderson (Liwerpul)

24. Jeýdon Sanço (Borussiýa D)

25. Paulo Dibala (Ýuwentus)

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler