“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň biri-de Germaniýanyň “Bundesligasy” bolup, UEFA-nyň iň uly kubogyny tamamlanan möwsümde nemes topary “Bawariýa” gazandy. Edil “Ýuwentusyň” “Serie A”-daky başarnygyny “Bundesligada” gaýtalaýan “Bawariýa” täze 58-nji möwsümde-de çempionlygyň iň esasy, “Borussiýa Dortmund” topary-da çempionlygyň 2-nji dalaşgäri hasaplanýar.

Şu gün “Bundesliganyň” täze möwsümine badalga berler. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda çempion “Bawariýa” öz meýdançasynda “Şalke” toparyny kabul eder. 23:30-da başlanjak oýun “Türkmenistan sport” teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

“BAWARIÝA”. Geçen möwsümi 3 kubok bilen we ýene-de birnäçe kubogyň bosagasynda duran “Bawariýa” gürrüňsiz nemes futbolynyň lokomotiwi.Hans-Diter Flikiň tälimçiligindäki topar Leroý Saneni transfer etdi.

Toparyň düzüminden Kountinio, Perişiç öňki klublaryna dolandy.Münhenliler Tiago Alkantarany-da “Liwerpula” transfer etdiler.Muňa garamazdan, Lewandowski, Gnabri, Goreska, Noýer, Alaba, Dewies, Koman ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýan toparyň bassyr 9-njy çempionlygyny-da gazanmagy üçin hiç hili päsgelçilik ýok.

“BORUSSIÝA D”. Ýurduň ikinji iň uly topary “Borussiýa Dortmunddan” Hakimi, Gýotse ýaly oýunçylar topardan ugratdy. Tomas Moýneri, Jude Bellingemi transfer eden dortmundlylar ýene-de Lusen Fawreniň tälimçiliginde “Bawariýanyň” ýalňyşaryna garaşyp, çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp bararlar. Toparyň janköýerleri Holann, Sanço, Roýs, Witsel, Torgan Hazar ýaly oýunçylardan uly tama edýärler.

“LEIPSIG”. Esasy ýyldyzy Timo Werneri “Çelsä” ugradan “Leipsig” toparynyň janköýerleri ýaş tälimçi Ýulien Nagelsmanna uly ynam bildirýär. Çempionlar ligasynda şowly çykyş eden “Leipsig” yzly-yzyna 2 gezek bürünç medala mynasyp boldy we täze möwsümde-de iň bolmanda, şol başarnygyny gaýtalamak üçin göreşer.

BEÝLEKILER. Münhengladbah şäheriniň “Borussiýa” topary, esasy oýunçylaryny ugradan “Baýeri”, şol sanda “ŞalkeNI” öňdäki orunlaryň iň esasy dalaşgär toparlary hökmünde görkezmek bolar.

18 toparyň çykyş edýän “Bundesligasynda” 11 klubuň tälimçisi ýerli hünärmenlerdir. ABŞ-dan, Awstriýadyr Şweýsariýadan 2 hem-de Niderlandlardan 1 tälimçi nemes klublaryna tälim berer.

Liganyň täze klublary “Ştutgart” bilen “Arminia Bielefeld” toparlarynyň birinjisi 1 ýyllyk arakesmeden soň, “Bundesliga” dolandy. “Arminia Bielefeld” bolsa, 11 ýyldan soň, nemes futbolynyň iň ýokary ligasynda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
16 duşuşyk 48 gol
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
Bawariýa Germaniýanyň Kubogyna 20-nji gezek mynasyp boldy