Ýene bir kubok Lionel Messiniň ellerinde asmana göterildi

ABŞ-nyň futbol çempionaty MLS-iň 30-njy möwsüminiň çempiony “Inter Maýami” topary boldy.MLS Kubogyny eýelemek ugrundaky final duşuşygynda “Inter Maýami” topary “Wankuwer Waýtkäps” toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy.

Maýamide oýnalan duşuşykda ýer eýeleri 8-nji minutda Edier Okamponyň awtogoly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy.Duşuşygyň 60-njy minutynda Ali Ahmed hasaby deňledi. Ýöne oýnuň ahyrlarynda super ýyldyz Lionel Messi jylawy ele alyp, toparynyň ýeňiş gazanmagynda baş roly ýerine ýetirdi. 77-nji minutda Messiniň ajaýyp pasyndan soň watandaşy Rodrigo de Pol hasaby 2-1-e ýetirdi.

Duşuşygyň 90+6-njy minutynda bolsa ýene-de Messiniň asisti bilen bu gezek başga bir argentinaly Tadeo Aliende tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter Maýami” topary özüniň gysga taryhynda ilkinji gezek MLS-iň Kubogyny, ýagny ABŞ-nyň çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Duşuşykdan soň Lionel Messi MLS Kubogynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. “Inter Maýami” topary bu kubogy eýelän 16-njy klub hökmünde hasaba alyndy.

Şeýle-de bu kubok Lionel Messiniň karýerasy boýunça gazanan 48-nji kubogy boldy. Ol futbolyň taryhyndaky iň köp çempionlyk kubogyny gazanan futbolçydyr.

Ýene degişli makalalar

47-nji kubogyny gazanan Messi futbolyň taryhyndaky iň köp asist eden futbolçy
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messi ýok, ýeňşem ýok
Messi 46-njy kubogyny gazandy
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy