Messiniň MLS-däki ilkinji goly

Argentinaly super ýyldyz Lionel Messi täze topary “Inter Maýaminiň” düzüminde MLS-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi.MLS-iň 28-nji tapgyrynda “Inter Maýami” myhmançylykda “Nýu Ýork Red Bulls” topary bilen duşuşdy.

Messi bu oýunda ätiýaçdan başlap, 60-njy minutda meýdança girdi. 89-njy minutda-da tapawutlanan Messi toparynyň 2-nji goluny geçirdi. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter Maýaminiň” 1-nji goluny 37-nji minutda Gomes öz adyna ýazdyrdy. 6-njy ýeňşini gazanan “Inter Maýami” topary öz konferensiýasynda 14-nji orna beýgeldi.

Lionel Messiniň täze toparyndaky gollarynyň sany 11-e ýetdi. “Inter Maýami” topary indiki duşuşygynda öz meýdançasynda “Neşwill” kluby bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messi ýok, ýeňşem ýok
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
Messi Maýamide
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer