Messi ýok, ýeňşem ýok

ABŞ-nyň çempionaty MLS-de çykyş edýän “Inter Maýami” topary super ýyldyzy Lionel Messisiz ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýär. Çempionatyň çäginde myhmançylykda “Çikago Faýr” bilen duşuşan “Inter Maýami” topary garşydaşyndan 4-1 hasabynda utuldy. Ýer eýeleriniň gollaryny şweýsariýa oýunçylar Herdan Şakiri (49, 73) bilen Maren Haile-Selassi (62, 66) geçirdi.

Maýamilileriň adyndanam 53-nji minutda Martines penaltiden tapawutlandy.

“Inter Maýami” topary Messiniň çykyş etmedik 4 duşuşygynda (yzly-yzyna) ýeňiş gazanyp bilmedi. “Amerika Açyk” ýaryşynyň finalynda utulan “Inter Maýami” ondan soň “Nýu Ýork Siti” bilen 1-1 deňme-deň oýnapdy.

Ondan öňem “Orlando Siti” bilen hem 1-1 deňme-deň netije görkezipdi.Mahlasy Messisiz soňky 4 oýunda 2 gezek utulan “Inter Maýami” 2 sapar hem deňme-deň oýnady. “Inter Maýaminiň” indiki duşuşygy 8-nji oktýabrda “Sinsinnati” topary bilen bolar.

Ýene degişli makalalar

“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer
Argentinaly ýyldyz oýunçy karýerasyny tamamlaýar
Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
Messi Maýamide