“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär

ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň täze klublaryndan “Inter Maýami” topary “Barselonada” çykyş eden ýene bir oýunçyny transfer etdi.Amerikan kluby “Barselona” bilen şertnamasy tamamlanan Žordi Albany transfer edendigini habar berdi. 34 ýaşyndaky çep gyraky goragçy täze kluby bilen 1,5+1 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Žordi Alba 12 ýyllap “Barselonanyň” köýnekçesini geýdi.

Ol katalonlaryň düzüminde 459 oýunda 27 gol geçirdi.Alba “Barselonadan” öň “Walensiýanyň” köýnekçesini geýipdi.Alba täze klubunda 18-nji belgili köýnekçede çykyş eder.

“Barselonanyň” ozalky ýyldyzlary Lionel Messi hem-de Seržio Busketsi transfer eden toparyň täze tälimçisi Herardo Martino hem ozal katalonlara tälimç beripdi.

“Inter Maýaminiň” ozalky başga bir barselonaly futbolçy Luis Suaresi hem düzümine goşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer
Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi
Argentinaly ýyldyz oýunçy karýerasyny tamamlaýar
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
Messi ýok, ýeňşem ýok
Messi Maýamide