Messi Maýamide

PSŽ toparyndan gaýdan argentinaly Lionel Messi täze kluby bilen, ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň wekili “Inter Maýami” bilen resmi ýagdaýda şertnama baglaşdy. 36 ýaşyndaky oýunçy maýamililer bilen 2,5 ýyllyk, ýagny, 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli şertnama baglaşdy.

Messini garşylamak üçin geçirilen dabara müňlerçe janköýer ýygnandy.Klubuň ýolbaşçylary, şol sanda Prezidenti Dewid Bekham hem dabara gatnaşady.Messi täze klubunda 10-njy belgili köýnekçäni geýer.

Dabarada Serhio Buskets hem “Inter Maýami” bilen edil Messi ýaly 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 35 ýaşyndaky ispaniýaly ýarymgoragçy Maýaminiň düzüminde 5-nji belgide çykyş eder.

Topar golaýda Messidir Busketse ozalam tälim beren argentinaly Herardo Martinony tälimçilige belledi. “Inter Maýami” çempionatda 15 klubuň arasynda, Gündogar konferensiýada 15-nji orunda barýar.

Ýene degişli makalalar

Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
Messi ýok, ýeňşem ýok
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi