Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy

Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy

MLS-niň metbugat gullugy ispaniýaly ýarym goragçy Serhio Busketsiň Amerikanyň Inter Maýami toparyna goşulandygyny habar berdi.

34 ýaşly Buskets klublaýyn karýerasyny tutuşlygyna Barselonada geçirdi. Ýarym goragçy katalon klubynyň düzüminde Ispaniýanyň 10 gezek çempiony boldy, UEFA-nyň Çempion ligasynda we Naýbaşy kubogynda üç gezekden ýeňşini baýram etdi. Bularyň üstesine-de, ol Ispaniýanyň kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň hersini 7 gezekden gazandy. Serhio Busketsiň 2010-njy ýylda dünýäniň, 2012-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolandygyny hem aýtmak gerek.

7-nji iýunda Inter Maýami bilen şertnama baglaşan Buskets Altyn topuň ýedi gezek eýesi, dünýäniň 2022-nji ýyldaky çempiony Lionel Messi bilen ýene-de topardaş boldy.

Inter Maýami ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň ― MLS-niň Gündogar konferensiýasynda ahyrky ― 15-nji orny eýeleýär. Topar 17 tapgyrda 15 utuk toplap bildi. Bu klub Angliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky kapitany Dewid Bekheme degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Messi Maýamide
AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer
Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi
Argentinaly ýyldyz oýunçy karýerasyny tamamlaýar
Messi ýok, ýeňşem ýok
Messiniň MLS-däki ilkinji goly