ABŞ-nyň çempionaty MLS-da adaty möwsümi 3-nji orunda tamamlan “Inter Maýami” topary Gündogar Konferensiýasynyň çempionlygyny gazandy.Gündogar Konferensiýanyň finalynda “Nýu Ýork FK” toparyny 5-1 hasabynda ýeňen “Inter Maýami” topary ilkinji gezek bu kubogy eýelemegi başardy.
Duşuşykda Inter Maýaminiň gollarynyň 3-sini argentinaly Tadeo Allende, beýlekileri Silwetti bilen Segowiýa öz atlaryna ýazdyrdylar.Bu ýeňiş Lionel Messiniň karýerasyndaky 47-nji kubok hökmünde hasaba alyndy.
Iň köp asist eden futbolçy
Duşuşykda toparynyň 3-nji golunyň pasyny beren argentinaly ýyldyz oýunçy Lionel Messiniň asistleriniň sany 405-e ýetdi. Şunlukda, 38 ýaşyndaky oýunçy resmi ýagdaýda hasaba alnan maglumatlar esasynda, futbolyň taryhynda iň köp asist eden futbolçy bolmagy başardy.
Bu ugurda wengriýaly meşhur futbolçy Ferenç Puşkaşy yzda galdyran Lionel Messi mundan öňki duşuşykda-da 1 gol geçirip, 3 asist edipdi.
Günbatar Konferensiýada bolsa “Wankuwer Waýtkäps” topary çempionlyk gazandy. Kanadanyň Wankuwer şäheriniň wekili finalda “San Diego FK” toparyndan Braýan Waýtyň (8, 45+2) hem-de Pablo Sisnieganyň (11, ö.d.) gollary esasynda 3-1 hasabynda üstün çykdy.
Final şenbe güni ýarygijeden soň
Germaniýaly meşhur futbolçy Tomas Mülleriň çykyş edýän “Wankuwer Waýtkäps” topary bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky MLS Kubogynyň final duşuşygy 6-njy dekabrdan 7-nji dekabra geçilýän gije 00:30-da başlap, oýun “Inter Maýaminiň” stadiony “Chase Stadium”-da oýnalar. Iki topar hem 30-njy gezek geçirilýän MLS Kubogynyň finalynda ilkinji gezek duşuşyk geçirer.